Primary tabs
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň ekspozisiýasy Türkmenistanyň köpasyrlyk taryhyna bagyşlanandyr. Siz taryhyň geçmiş dünýäsine gyzykly syýahat edip bilersiňiz, taryhy wakalary ýatlap, dürli döwürler barada maglumat alyp bilersiňiz. Binanyň gümmezi on alty sany ýarym sferalara bölünip, ony 25 sany sütün saklaýar. Muzeýiň ekspozisiýasy iki gatdan, sekiz zaldan ybarat. Birinji gatyň tegelek giňişliginde holl ýerleşýär. Onuň merkezinde atriumda döwlet nyşanlary: döwlet baýdagy, döwlet tugrasy, şeýle-de witrinalarda Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize sowgatlyk berlen kompozisiýalar ýerleşýär.
Muzeýiň birinji gatynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna bagyşlanan bölüm, haly bölümi we wagtlaýyn sergi zaly ýerleşýär. Ekskursion ugur boýunça ikinji gata galynýar we gadymy döwür bilen tanyşlyk başlanýar, ýagny, Türkmenistanyň esasy arheologiýa ýadygärliklerini görkezýän kartadan başlap “Gadymy döwür” zalynda dowam edýär. Zalda ynsan jemgyýetiniň taryhynyň başlanýan wagtyna we ýurdumyzyň çäginde ilkidurmuş adamlaryň göçüp gelmekleriniň ilkinji döwrüne, şeýle-de Türkmenistanyň çäginde dörän ilkinji şäher we döwlet barada gürrüň berilýär. Bu ýerde ýokary paleolite (b.e.öňki 60 müň ýyl) degişli bolan iri çakmak daşyndan iş gurallary; şeýle-de mezolit döwrüne (b.e.öňki 12 müň ýyl) degişli ownuk daşdan iş gurallary, balykgulakdan bezeg önümleri; neolit döwrüne degişli – Jeýtun medeniýeti Merkezi Aziýanyň (b.e.öňki 6 müň ýyl) ilkinji ekerançylyk medeniýetine degişli zähmet gurallary we tolkun çyzyklar bilen bezelen, mineral boýaglar ulanylan keramika gaplaryň bölekleri, soky daşlary görkezilýär: eneolit (b.e.öňki 5-4 müň ýyl) döwrüne degişli küýzegärçilik çarhynda ýasalan ýuka diwarly keramika gaplaryň dürli görnüşleri; Altyndepe şäher medeniýetine degişli möhürler, keramika gaplar we zikkurat görnüşli ybadathananyň nusgasy we heýkeljikler görkezilýär.
Ikinji zalymyz b.e.öňki 3-2 müň ýyllyga degişli bolup Mary welaýatynyň Murgap derýasynyň gadymy akabasynda ýerleşýän Marguş ýurduna bagyşlanan. Bu ýerde şäherleriň, ybadathanalaryň, galalaryň, äpet uly arhitekturasy şeýle-de gadymy ussalaryň, keramikaçylaryň, zergärçileriň ussatlygy görkezilýär. Olar altyndan, pöwrizeden we hakykdan ýasalan ownuk esbaplary ussatlyk bilen ýasamaklygy başarypdyrlar. Altyndan we kümüşden ýasalan gaplar nepisligi we inçeligi bilen göreni haýrana goýýar. Köpsanly kümüşden, bürünçden, daşdan ýasalan mifiki sýužetler bilen bezelen möhürler we kosmetiki esbaplar ýasalyş usuly boýunça göreni haýran edýär.
Antika zaly Beýik Parfiýa imperiýasynyň paýtagtlarynyň biri parfiýa patyşalarynyň rezidensiýasy we hazynasy bolan Köne Nusaý barada gürrüň berýär. Zalda seýrek duş gelýän arhitektura bina bölekleri, kümüşden ýasalyp altyn çaýylan ownuk detallary inçeden nepislik bilen işlenen Afinanyň, Erotyň, bürgüdiň, grifonyň heýkeljikleri göreni özüne haýran edýär. Muzeýiň esasy buýsanjy we özüniň deňi-taýy bolmadyk şirmaýydan ýasalan frizi we karnizi grek mifologiýasyndan sahnalar bilen bezelen, ortaky bölegi ösümlik nagyşlary, aşaky bölegi bolsa mifiki jandaryň şekili bilen tamamlanýan ritonlardyr. Gadymy döwürlerde olar gymmat baha daşlar we metallar bilen bezelipdir. Ritonlar kesme usulynda ýasalypdyrlar.
Irki we Giçki orta asyrlar atly iki zallarynda Türkmenistanyň çäginde gurlan we türkmenleriň döreden döwletleri görkezilýär. Irki orta asyr zalynda seýrek duş gelýän buddistik arhitekturasynyň dikeldilen görnüşi, heýkeljikler we mineral boýaglar bilen bezelen Merw küýzesi görkezilýär. Şeýle-de bu ýerde arap dilinde ýazylan gaplar, syrçalanan we galyplanan keramika gaplar, altyndan we kümüşden orta asyrlara degişli teňňeler hem-de Gadymy Merwdäki Soltan Sanjar kümmeti we beýleki orta asyra degişli ýadygärlikleriniň kiçeldilen nusgasy görkezilýär.
Giçki orta asyrlar zalynda Horezmşalar döwletiniň paýtagty “Köneürgenç”, “Dehistan”, “Täze Nusaý”, “Amul” şäherleri barada maglumat berilýär. Şeýle hem onda şol döwürlere degişli bolan bina bölekleri, toýundan, misden, syrçaly gaplar, altyn teňňeler, bilezikler, heýkeller, Änewdäki “Seýitjemaleddin metjidiniň” kiçeldilen nusgasy görkezilýär.
Halyçylyk sungaty iň gadymy milli sungatlaryň biridir. Muzeýiň birinji gatynda haly zalynda türkmen halkynyň ХIХ-ХХ asyrlara mahsus bolan haly we haly önümleri görkezilýär. Haly zalynyň merkezini türkmen halkynyň buýsanjy äpet halylaryň biri bolan meýdany 266 m2 bolan esasy nagşy “guşly gölli” haly bezeýär. Irki döwürden bäri türkmen halky el haly önümleri bilen öýüni, atyny, düýesini, durmuş esbaplaryny bezäpdir. Olara düşeklik halylar we ak öýüň bezegleri –gapylyklar, eňsi, tüýnük ýüpleri, ümür - duman, çuwallar, torbalar, ikselik, ukujy, horjunlar, at bezegleri – eýerlik, at ýapynja, düýe bezegleri – asmalyk, torumlyk, düýe boýunlyk, düýe dyzlyk, düýe yzlyk degişlidir. Halynyň hili çitimiň gürlügine, reňkleriň sazlaşygyna, gyrasynyň dogrulygyna we gölleriniň nepis salnyşyna bagly bolupdyr. Türkmen gyz-gelinleri dokmany çitme we kakma görnüşlerde dokapdyrlar. Her welaýatyň öz ýaşaýan ýerine, hojalyk durmuşyna, tebigatyna baglylykda haly gölleri şekillendirilipdir. Türkmen halyçylary haly ýüpleriniň reňk boýaglarynyň syrlaryny nesilden-nesle geçiripdirler. Şonuň üçin halynyň nagyşlarynyň takyklygy we ýiti reňki uzak wagtlap saklanypdyr we azyndan 3-4 nesle hyzmat edipdir. Dünýä meşhur türkmen halylary diňe bir tebigy gözellikleri wasp etmek däl, eýsem, ýyl ýazgylary bolup hem hyzmat edýär.





















