Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň baş binasy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň binasyna hoş geldiňiz, onuň ekspozisiýasy Türkmenistanyň köpasyrlyk taryhyna bagyşlanan. Siz geçmiş dünýäsine gyzykly syýahat adip bilersiňiz,taryhy wakalary ýatlap, dürli döwürleriň asyl nusgalaryny görüp bilersiňiz.
Ekspozisiýa iki gatda ýerleşip,sekiz zaldan ybarat. Birinji gatyň tegelek giňişliginde hol ýerleşýär, onuň gummezi on alty sany ýarymsferalara bölünip ony 25 sany sütün saklaýar. Merkezdäki emele gelen atriumda döwlet nyşanlary: baýdak, gerb, şeýle-de Garaşsyzlyga, Bitaraplyga, baýdak, gimn we Konstitusiýa degişl resminamaly witrinalar ýerleşdirilen.
 

Birinjin zal Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna bagyşlanyp, şu ýyllaryň içinde durmuşa geçirilen üstünlikler görkezilýär. Ekskursion ugur boýunça ikinji gata galynýar we gadymy döwür bilen tanyşlyk başlanýar, ýagny, Türkmenistanyň esasy arheologiýa ýadygärliklerini görkezýän kartadan başlap “Gadymy döwür” zalda dowam edýär. Zal ynsan jemgyýetiniň taryhynyň başlanýan wagtyna we ýurdumyzyň çäginde ilkidurmuş adamlaryň göçüp gelmekleriniň ilkinji döwrüne, şeýle-de Türkmenistanyň çäginde dörän ilkinji şäher we döwlet barada gürrüň berýär. Bu ýerde ýokarky paleolite (b.e. öň 60 müň ýyl) degişli bolan iri daşdan iş gurallary; pyçak ýasamak üçin içine salynýan gural hökmünde, şeýle-de mezolit döwürne (b. e.öň12 müň ýyl) degişli ok uçlary hökmünde ulanylýan ownuk daşdan iş gurallary; neolit döwrüne degişli – Jeýtun medeniýeti Merkezi Aziýanyň (b.e. 6 müň ýyl) ilkinji ekerançylyk medeniýetine degişli iş gurallary we lenta görnüşli gödek ýasalan deň ýakylmadyk, tolkun çyzyklar bilen bezelen, mineral reňkler ulanylan keramika gaplar; eneolit (b.e.öň 4 müň ýyl) döwrüne degişli küýzegärçilik çarhy ýasalan ýuka diwarly keramika gaplar; Altyndepe obasy bilen irki-şäher medeniýetine degişli möhürler, keramika we mesopotamiýadaky zikurrat görnüşli ybadathanaň nusgasy arkaly görkezilen. Zalyň uly bölegi biziň eyyamyzdan öňki 3-2 müňýyllyga degişli bolup Mary welaýatynyň Murgap derýasynyň gadymy akabasynda ýerleşýän Marguş ýurduna bagyşlanan. Bu ýerde şäherleriň, ybadathanalaryň, galalaryň, äpet uly arhitekturasy şeýle-de gadymy ussalaryň, keramikaçylaryň, zergärçileriň ussatlygy görkezilýär. Olar altyndan, pöwrizeden we hakykdan ýasalan ownuk esbaplary ussatlyk bilen ýasamaklygy başarypdyrlar. Altyn we kümüş gaplar nepisligi we inçeligi bilen göreni haýrana goýýar. Köpsanly kümüşden, bürünçden, daşdan ýasalyp mifiki sýužetler bilen bezelen möhürler we kosmetiki esbaplar görnüşi we ýasalyş usuly bilen göreni haýran edýär.

Antika zaly Beýik Parfiýa imperiýasynyň paýtagtlarynyň biri parfiýa patyşalarynyň rezidensiýasy we hazynasy bolan Köne Nusaý barada gürrüň berýär.
Zalda seýrek duş gelýän arhitektura esbaplary, kümüşden altyn çaýylan ownuk detallary inçeden işlenen Afinaň, Erotyň, bürgüdiň, grifonyň heýkeljikleri göreni haýran edýär. Muzeýiň esasy buýsanjy bolan ,şimaýyndan ýasalan, frizi grek mifologiýasyndan sahnalar bilen bezelen,ortaky bölegi ösümlik nagyşlar bilen, aşaky bölegi bolsa mifiki jandaryň şekili bilen tamamlanýan ritonlardyr. Gadymy döwürlerde olar gymmat baha daşlar we metallar bilen bezelipdir. Ritonlar nepis kesme usulda ýasalypdyr.

 “Orta asyrlar” zallarynda seýrek duş gelýän b.e. V asyryna degişli – buddistik arhitekturasynyň bölekleri, heýkeljikler we surat bilen bezelen keramatly amfora sokyň içinde sanskritde ýazylan tekstler saklanýar. Şeýle-de bu ýerde arap dilinde ýazylan gaplar, syrçalanan keramika, altyn we kümüş orta asyrlar döwletlere degişli teňňeler görkezilen.
 

Ekskursiýa birinji gatda türkmen halysynyň gimni we buýsanjy bolan meýdany 266m² esasy nagşy guşly gölli äpet haly ýerleşen haly zalynda dowam edýär. Şeýle-de bu zalda XIX-XX asyrlara degişli nepis haly önümleri görkezilen.
 

Ekspozisiýany döwletmizde belli senelere we baýramçylyklara bagyşlanyp geçirilýän wagtlaýyn sergiler zaly tamamlaýar.