Primary tabs
Submitted by museum on 07.05.2020
1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Merdana gerçeklere – baky şöhrat» atly sergi gurnaldy. Şol sergini görmäge Aşgabat şäherindäki 50-nji orta mekdebiň 2-nji synp okuwçylary geldi. Muzeýiň ylmy işgäri Maral Açylowa türkmenistanly gahrymanlara bagyşlanan sapak geçirdi we sergide görkezilen täsin eksponatlar barada gürrüň berdi. Okuwçylaryň sergä gatnaşmagy uruş weteranlaryny hormatlamak çäresi bilen gabat geldi. Ýadygärlik üçin surata düşüldi.