2020-nji ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan Aşgabat şäherindäki 45-nji orta mekdepde «Türkmenistanyň milli we tebigy gymmatlyklary» atly sergi gurnaldy

2020-nji ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Garaşsyzlyk şahamçasy tarapyndan Aşgabat şäherindäki 45-nji orta mekdepde «Türkmenistanyň milli we tebigy gymmatlyklary» atly sergi gurnaldy. Bu sergide türkmen halkynyň egin-eşikleri, haly önümleri we ýurdumyzda duş gelýän guşlaryň, haýwanlaryň dürli görnüşleriniň gäpleri görkezildi. Okuwçylar sergide gelin-gyzlaryň gadymy egin-eşikleri barada gyzykly maglumatlary diňlediler we guşlaryň her görnüşiniň biologiki aýratynlyklary, olaryň ýaýran ýerleri we iýmitlenişi bilen tanyşdylar. Ondan başga-da muzeýiň ylmy işgärleri Türkmenistanda seýrek duş gelýän haýwanlary goramakda Döwlet goraghanalarynda alnyp barylýan işler barada gürrüň berdiler.