2020-nji ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan Aşgabat şäherindäki 15-nji orta mekdepde «Mirasym bar– sarpam bar» atly sergi gurnaldy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň işgärleri muzeýiň hemişelik sergi bölümlerinde görkezilýän dürli gymmatlyklary wagyz etmek bilen çäklenmän, dürli temalar boýunça Aşgabat şäherindäki çagalar baglarynda, orta we ýokary okuw mekdeplerinde yzygiderli göçme sergiler gurnaýarlar hem-de sapaklar geçirýärler.

2020-nji ýylyň 12-nji martynda Döwlet muzeýiniň Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýi bölüminiň ylmy işgärleri Aşgabat şäherindäki 15-nji orta mekdepde «Mirasym bar – sarpam bar» atly muzeý gymmatlyklaryndan ybarat bolan sergi gurnadylar.

Sergide Döwlet muzeýiniň maddy medeniýet gaznasynda saklanylýan birnäçe gymmatlyklar, ýagny horjunlar, çuwallar, halyçalar, milli egin – eşikler we çaga eşikleri, türkmen halkynyň geçmişde ulanan hojalyk esbaplary, Nusaý taryhy ýadygärligine, Merw ýadygärliklerine degişli fotosuratlar, biziň ýurdumyzda duş gelýän guşlaryň dürli görnüşleriniň gäpleri hem-de haýwanatlaryň fotosuratlary görkezildi.

Sergide Döwlet muzeýiniň ylmy işgärleri ýaş nesillere türkmen halkynyň taryhy, milli däp-dessurlary, edim-gylymlary, tebigy gymmatlyklary barada muzeý gymmatlyklarynyň üsti bilen gyzykly gürrüňler berdiler. Ýaş nesiller hem öz gezeginde okamaga, döretmäge, türkmen halkynyň bäş müňýyllyk taryhyny, milli mirasyny, tebigatyny öwrenmäge döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize çäksiz sag bolsun aýtdylar.