2020-nji ýylyň 11-nji martynda muzeýde gurnaklaryň nobatdaky sapaklary geçdi

«Ýaş suratkeş» gurnagynda okuwçylar Nowruz baýramyna bagyşlanan we ýaz paslyna degişli taslamalary çekdiler. Çagalar ýaz paslynda türkmen tebigatynyň gözelligini, baglaryň pyntyklap başlanmagyny we milli Nowruz baýramyny öz suratlarynda galam bilen beýan etdiler. Surat sapagyny alyp baran Döwlet muzeýiniň «Çeper dikeldiş we rejeleýiş işleri» bölüminiň 1-nji derejeli suratkeş-rejeleýjisi Maýsa Abdullaýewa.

«Ýaş tebigatçy» gurnagynda dünýäde we Türkmenistanda duş gelýän ýyrtyjy guşlar bilen tanyşdyryldy we ýyrtyjy guşlaryň biologik aýratynlygy, iýmitlenişi hem-de köpelişi barada maglumat berildi. Sapagy Tebigat we ülkäni öwreniş bölüminiň müdiri Enejan Altyýewa geçirdi.

«Ýaş taryhçy» gurnagynda çagalar «Dehistan ýadygärligi» atly tema boýunça sapak geçdiler. Çagalara Giçki orta asyrlar zalyna degişli bolan Dehistan ýadygärligi hem-de ol ýerden tapylan dürli gymmatlyklar barada giňişleýin maglumat berildi.

Sapagy has-da berkitmek maksady bilen okuwçylara Döwlet muzeýiniň «Giçki orta asyrlar» bölüminde ekskursiýa berildi. Geçilen temanyň okuwçylaryň hakydasynda galmagy maksady bilen olaryň aralarynda sorag-jogaply bäsleşik guraldy. Sapagy muzeýiň Türkmenistanyň taryhy ylmy-barlag bölüminiň ylmy işgäri Merjen Mämmetjumaýewa geçirdi.