Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Arkadagly Watanda bagtyýar zenanlar» atly sergi gurnaldy

 

Berkarar  döwletimiziň  bagtyýarlyk  döwrüniň  her  bir  güni  uly  ösüşlere,  rowaçlyklara  we  toýdyr  baýrama  beslenýär.  Baharyň  gelmegi  bilen,ýaşyl  reňkli  baýdagy  buýsanç  bilen  parlaýan  ýurdumyzda  Halkara  zenanlar  güni  mynasybetli  geçirilýän  baýramçylyk  çäreleri  şatlyk-şowhuna  beslenýär.  Her  ýyl  hormatly  Prezidentimiz  bu  baýramçylyk  mynasybetli  kümüş  saçly  käbelerimizi,  baýdak  boýly  gelinlerimizi,  eýjejik  uýalarymyzy,  çagalar  bagynyň  körpe  gyzjagazlaryny,  okuwçy  we  talyp  gyzlarymyzy  özüniň  Şa  serpaýy  bilen  begendirýär.

Bütin  dünýäde  belli  bolşy  ýaly,  Türkmenistanda  hem  baharyň  ilkinji  günlerinde  Halkara  zenanlar  güni  mynasybetli  köp  sanly  çäreler  geçirilýär.  Şonuň  ýaly  çäreleriň  her  ýyl  geçirilýän  ýeri  bolan  Türkmenistanyň  Döwlet  medeniýet  merkeziniň  Döwlet  muzeýinde  «Arkadagly    Watanda  bagtyýar  zenanlar»    atly  sergi  gurnaldy.  Bu  sergide  muzeýiň  gaznasynda  goralyp  saklanylýan  zenan  bezeg  şaýlary,  haly  we  haly  önümleriniň  birnäçe  görnüşleri,  ussat  suratkeşlerimiziň  çeken  eserleri  hem-de  häzirki  döwürde  döredilen  nakgaş  eserleriniň  birnäçesi  görkezilýär. Şonuň ýaly-da, bu ýerde milli zenan  lybaslarynyň  gadymy  nusgalaryny-da  görmek  bolýar. 

Bu  çäre  dabaraly  ýagdaýda  Türkmenistanyň  Döwlet  medeniýet  merkeziniň  Döwlet  muzeýiniň  direktory,  taryh  ylymlarynyň  kandidaty  Öwezmuhammet  Mämmetnurow  tarapyndan  açyldy.

Şeýle-de  sergide  birnäçe  adamlar  çykyş  etdiler:  Türkmenistanyň  Ylymlar  akademiýasynyň  Magtymguly  adyndaky  dil,  edebiýat  we  milli  golýazmalar  institutynyň  işgäri,  dil  we  edebiýat  ylymlarynyň  doktory,  Türkmenistanyň  medeniýetde  at  gazanan  işgäri  Şirinjemal  Geldiýewa, Türkmen  Döwlet  medeniýet we sungat mekdebiniň mugallymy Jumamyrat Artykow,    Türkmenistanyň  at  gazanan  medeniýet  işgäri,  şahyr  Oguljemal  Çaryýewa,  Türkmenistanyň  Ylymlar  akademiýasynyň  Magtymguly  adyndaky  dil,  edebiýat  we  milli  golýazmalar  institutynyň  esasy  ylmy  işgäri,  dil  we  edebiýat  ylymlarynyň  kandidaty  Täzegül  Hapyzowa, Türkmenistanyň  Döwlet  çeperçilik  akademiýasynyň  uly  mugallymy Azat Annaýew, Türkmen Döwlet medeniýet institutynyň uly  mugallymy  Maral  Hojagulyýewa,  Türkmenistanyň  Döwlet  medeniýet  merkeziniň  Döwlet  kitaphanasynyň  1  derejeli  kitaphanaçysy  Türkmenistanyň  medeniýetde  at  gazanan  işgäri    Oguljemal  Orazdurdyýewa,  Maýa  Kulyýewa  adyndaky  Türkmen  milli  konserwatoriýasynyň  «Jemgyýeti  öwreniş»  kafedrasynyň  müdiri  Gözel  Aýnazarowa,  Türkmenistanyň  Daşary  işler  ministrliginiň  Halkara  gatnaşyklar  institutynyň «Jemgyýeti öwreniş»  kafedrasynyň uly mugallymy Täçnabat  Paýtykowa,  «Zenan  kalby»  žurnalynyň  bölüm  müdiri  Ogulgözel  Şagulyýewa.

Türkmenistanyň  döwlet  medeniýet  we  sungat  mekdebiniň,    Türkmenistanyň  Döwlet  çeperçilik  akademiýasynyň,    Türkmen  Döwlet  medeniýet  institutynyň  hem-de  Türkmenistanyň  binagärlik  institutynyň    talyplary  sergä  myhman  hörmünde  gatnaşdylar.