2020-nji ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan Aşgabat şäherindäki 1-nji orta mekdepde «Mirasym – milli buýsanjym» atly sergi guraldy.

 

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň işgärleri muzeýiň hemişelik sergi bölümlerinde görkezilýän dürli gymmatlyklary  wagyz etmek bilen çäklenmän, dürli temalar boýunça Aşgabat şäherindäki çagalar baglarynda , orta we ýokary okuw jaýlarynda yzygiderli göçme sergiler gurnaýarlar hem-de sapaklar geçirýärler.

2020-nji ýylyň mart aýynyň  4-ne  Döwlet muzeýiniň Döwlet we jemgyýetçilik muzeýleriniň muzeý gymmatlyklaryny saklaýjy merkeziniň işini utgaşdyrmak bölüminiň ylmy işgärleri Aşgabat şäherindäki 1- nji orta mekdepde «Mirasym – milli buýsanjym» atly  muzeý gymmatlyklaryndan ybarat bolan sergi gurnadylar.

Sergide Döwlet muzeýiniň maddy medeniýet gaznasynda saklanýan birnäçe gymmatlyklar, şol sanda   horjunlar, çuwallar, halyçalar, milli  egin – eşikler,  türkmen halkynyň geçmişde hojalygyny dolandyrmakda ulanan birnäçe hojalyk esbaplary  hem-de biziň ýurdumyzda duş gelýän guşlaryň dürli görnüşleri, bezeg daşlary sergilenildi. Sergide  Döwlet muzeýiniň ylmy işgärleri  ýaş nesillere  türkmen halkynyň  taryhy, onuň milli däp-dessurlary, edim-gylymlary barada muzeý gymmatlyklarynyň üsti bilen  gyzykly gürrüňler berdiler.  Ýaş  nesiller  hem öz gezeginde okamaga,  döretmäge ,  türkmen halkynyň bäş müňýyllyk taryhyny, däp-dessuryny öwrenmäge we gözüň göreji deýin gorap saklamaga döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize çäksiz sag bolsun aýtdylar.