Primary tabs
«Ýaş suratkeş» gurnagynda çagalar Halkara zenanlar gününe bagyşlap gutlag otkrytkasyny ýasadylar. Olar reňkli kagyzlardan applikasiýalar (gurnama surat) we suwly reňkleriň kömegi bilen dürli kompozisiýaly suratlary ýasadylar. Çagalaryň öz elleri bilen döreden enaýy eserleri ejelerini we ene-mamalaryny hökman begendirer. Surat sapagyny alyp baran Döwlet muzeýiniň Çeper-dikeldiş we rejeleýiş işleri bölüminiň 1-nji derejeli suratkeş-rejeleýjisi Maýsa Abdullaýewa.
«Ýaş tebigatçy» gurnagynda dünýäde we Türkmenistanda duş gelýän Hokgarlar maşgalasyna degişli guşlar bilen tanyşdyryldy, şol maşgala degişli guşlaryň biologik aýratynlygy, iýmitlenişi we köpelişi barada maglumat berildi. Sapagy Tebigat we ülkäni öwreniş bölüminiň işgäri Gülşat Gulemirowa geçirdi.
«Ýaş taryhçy» gurnagynda çagalar «Türkmen tugunyň taryhy» atly tema boýunça sapak geçdiler. Çagalara Türkmen tugunyň taryhy barada, onuň gelip çykyşy, döreýşi, onuň gymmatlygy barada maglumat berildi.
Sapagy has-da berkitmek maksady bilen okuwçylar Döwlet muzeýiniň «Garaşsyzlyk zaly» bölüminde hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýiniň «Aşgabat Türkmenistanyň paýtagty bölüminde» ekskursiýa aldylar. Geçilen temanyň okuwçylaryň hakydasynda galmagy maksady bilen olaryň aralarynda sorag-jogaply bäsleşik geçirildi. Sapagy muzeýiň Türkmenistanyň taryhy ylmy-barlag bölüminiň ylmy işgäri M.Mämmetjumaýewa geçirdi.