Primary tabs
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň işgärleri muzeýiň hemişelik sergi bölümlerinde görkezilýän gymmatlyklary wagyz etmek bilen çäklenmän, dürli temalar boýunça Aşgabat şäherindäki çagalar baglarynda, orta we ýokary okuw jaýlarynda yzygiderli göçme sergiler gurnaýarlar hem-de sapaklar geçirýärler.
2020-nji ýylyň 4-nji martynda Döwlet muzeýiniň Bitaraplyk muzeý şahamçasy tarapyndan Aşgabat şäherindäki 88-nji orta mekdepde «Miras halkyň hazynasy» atly göçme sergi gurnaldy.
Sergide türkmen halkynyň milli mirasy we tebigatda duş gelýän guşlar görkezildi. Türkmen halkynyň milli mirasy baý we özboluşludyr. Olara egin-eşikler, haly we haly önümleri, durmuş esbaplary degişlidir. Çeper keşdelenen egin-eşikler we haly önümler türkmen halkynyň kämil önümleridir. Şeýlede sergide Türkmenistanda duş gelýän guşlaryň dürli görnüşlerine hem orun berildi.
Bu sergi okuwçylarda ata-babalarymyzyň ruhy dünýäsine, medeni gymmatlyklaryna, tapylgysyz baý mirasyna bolan hormaty artdyrdy. Ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde halkymyzyň baý milli mirasy we tebigy aýratynlyklary uly ähmiýete eýedir. Ata-babalarymyzdan galan milli mirasymyza uly sarpa goýýan hormatly Prezidentimiz muzeý gymmatlyklarymyzy ylmy taýdan öwrenmäge, aýawly saklamaga, dünýä ýaýmaga ähli şertler döretdi. Medeni mirasymyzy, milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamakda edýän bimöçber aladalary üçin hormatly Arkadagymyza egsilmez alkyş aýdýarys!