Primary tabs
Türkmenistanyň gündogar-günortasynda ýerleşýän täsin tebigy ýadygärlikleriniň biri – Hojapil gerşindäki dinozawrlaryň aýak yzlarydyr.
2011-2012-nji ýyllarda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli instituty bilen Bolonýa uniwersitetiniň (Italiýa) hem-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň hyzmatdaşlyk etmeginde dinozawrlaryň yzlarynyň gabat gelýän iň iri ýerleriniň birini öwrenmek maksady bilen meýdan barlagy geçirildi.
Geçirilen işleriň netijeleri “Ösümlikleriň we haýwanlaryň yzlary” (Icnos) atly halkara žurnalynda 2013-nji ýylyň 26-njy maýynda Londonda çap edildi.
Türkmenistanda hem geçirilen işleriň netijeleri birnäçe makalalarda şol ylmy ekspedisiýa gatnaşanlaryň biri, ýurdumyzyň belli paleontology, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Tebigat we ülkäni öwreniş bölüminiň uly ylmy işgäri Aman Nigarow tarapyndan çap edildi.
Häzirki wagtda A.Nigarow tarapyndan bu makalalar jemlenip “Ýokary ýura döwrüniň dinozawrlary: Gündogar Türkmenistanda täze tapylan yzlar” atly kitapda çap edildi.
Kitapda geçirilen meýdan barlaglaryň netijeleri beýan edilýär we ol ýerde dinozawrlaryň iki sany Megalosauripus we Therangospodus urugyna degişli aýak yzlarynyň bardygy kesgitlenildi.
Bu täsin tebigy ýadygärlik gelýän syýahatçylaryň täsiri esasynda bozulýar, şol sebäpli kitapda A.Nigarow bu ýadygärligi aýawly saklamakda dürli çäreleriň geçirilmegini teklip edýär.