Primary tabs
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň işgärleri muzeýiň hemişelik sergi bölümlerinde görkezilýän gymmatlyklary wagyz etmek bilen çäklenmän, dürli temalar boýunça Aşgabat şäherindäki çagalar baglarynda, orta we ýokary okuw jaýlarynda yzygiderli göçme sergiler gurnaýarlar hem-de sapaklar geçirýärler.
2020-nji ýylyň 3-nji martynda Döwlet muzeýiniň Bitaraplyk muzeý şahamçasy tarapyndan Aşgabat şäherindäki 83-nji orta mekdepde “Milli mirasyň we tebigatyň waspy” atly göçme sergi gurnaldy.
Sergide türkmen halkynyň milli mirasy we tebigaty görkezildi. Türkmen halkynyň egin-eşikleri ýaş we nagyş aýratynlyklary boýunça tapawutlanýar. Olara çaga eşikler, ýaş gyz-gelinleriň, orta ýaşan zenanlaryň, ýaşuly ene-mamalarymyzyň egin-eşikleri degişlidir. Çeper keşdelenen egin-eşikleriň arasynda zenan başatgyçlary bolan çyrpylar we kürteler çeperçilik taýdan iň kämil we owadan önümlerdir. Şeýle-de sergide guşlaryň dürli görnüşleriniň gäpleri görkezildi.
Bu sergi okuwçylarda ata-babalarymyzyň ruhy dünýäsine, medeni gymmatlyklaryna, tapylgysyz baý mirasyna bolan hormaty artdyrdy. Ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde halkymyzyň baý milli mirasy we tebygy baçlyklary uly ähmiýete eýedir. Ata-babalarymyzdan galan milli mirasymyza uly sarpa goýýan hormatly Prezidentimiz muzeý gymmatlyklarymyzy ylmy taýdan öwrenmäge, aýawly saklamaga, dünýä ýaýmaga ähli şertler döretdi. Medeni mirasymyzy, milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamakda edýän bimöçber aladalary üçin hormatly Arkadagymyza egsilmez alkyş aýdýarys! Mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun! Il-ýurt ähmiýetli tutýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!