2020-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýyly mynasybetli sergi gurnaldy

 

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bagtyýarlyk mekanyna öwrülen Berkarar döwletimizde taryhymyzy we däp-dessurymyzy, ata-babalarymyzyň ruhy siňen milli mirasymyzy asyl çeşmeleriň esasynda ylmy taýdan öwrenmäge giň mümkinçilikler döredilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň: «Watana söýgi, geçmişiňe buýsanç, şu günüňe guwanç, geljegiňe ynam şanly taryhy geçmişden gözbaş alýar. Hut şonuň üçin her bir nesil şöhratly taryhyny, medeni üstünliklerini – milli buýsanjyny çuňňur bilmelidir» diýen sözlerinden ugur alyp, türkmen halkynyň milli mirasyny ýaşlara wagyz etmek muzeý işgärleriniň bu günki günde esasy wezipeleriniň biridir. Munuň üçin Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan ýurdymyzyň bilim ojaklarynda yzygiderli muzeý gaznasynyň gymmatlyklaryndan ybarat bolan göçme sergiler gurnalýar.

Şu gün, 2020-nji ýylyň mart aýynyň 2-ne Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýyly mynasybetli muzeý gaznasynda saklanylýan gymmatlyklaryndan düzülen sergi gurnady. Serginiň açylyş dabarasynda şol okuw mekdebiniň direktorynyň okuw-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary Ismail Ýusupow, mekdebiň mugallymy Hojanazar Turaýew, Döwlet muzeýiniň Tebigat we ülkäni öwreniş bölüminiň müdiri Enejan Altyýewa hem-de muzeýiň ylmy işgäri Öwez Rahmanow çykyş etdiler. Sergide milli egin-eşikler, haly we haly önümleri, dokmaçylykda ulanylýan gurallar, şekilli haly, milli saz gurallary, durmuş esbaplary görkezilýär. Muzeý gymmatlyklaryny talyp ýaşlaryň köpçülikleýin görmäge gelmekleri buýsandyrýar we ýaş nesliň milli mirasymyza uly sarpa goýandygyna güwä geçýär. Sergi mart aýynyň 8-ne çenli dowam eder.