2020-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan Aşgabat şäherindäki 11-nji orta mekdebinde «Türkmen halkynyň medeni gymmatlyklary» atly sergi gurnaldy

2020-nji ýylyň 2-nji martynda Döwlet muzeýiniň Galkynyş şahamçasynyň bölümi tarapyndan Aşgabat şäherindäki 11-nji orta mekdebinde «Türkmen halkynyň medeni gymmatlyklary» atly sergi gurnaldy.

Bu sergide türkmen halkynyň egin-eşikleri, haly önümleri, biziň ýurdumyzda duş gelýän guşlaryň, haýwanlaryň dürli görnüşleriniň  gäpleri we suratlary sergilenip görkezildi. Okuwçylar sergide gelin-gyzlaryň milli lybaslary we haly esbaplary hem-de guşuň biologiki aýratynlygy, olaryň ýaýran ýerleri we iýmitlenişi bilen tanyşdylar. Ondan başga-da muzeýiň ylmy işgärleri Türkmenistanda seýrek duş gelýän haýwanlary goramakda Döwlet goraghanalarynda alnyp barylýan işleri barada gürrüň berdiler.