2020-nji ýylyň 29-njy fewralynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda sergi gurnaldy

Gahryman Arkadagymyz öz çykyşlarynda ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde ýurdumyzyň, halkymyzyň baý taryhyna uly orun degişlidigini nygtaýar. Ýurdumyzyň muzeýleri hem milli mirasy wagyz etmekde uly işler alyp barýarlar. Munuň üçin köpçülikleýin geçirilýän çärelerde, dabaralarda, mekdeplerde, ýokary okuw mekdeplerinde muzeý gaznasynyň gymmatlyklaryndan düzülen göçme sergiler yzygiderli gurnalýar.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty 2020-nji ýylyň 29-njy fewralynda Halkara zenanlar güni 8 Mart baýramçylygy mynasybetli çäre geçirdi. Şol çäräniň çäginde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan «Türkmen zenanlarynyň el hünäri» atly göçme sergi gurnaldy.

Sergide türkmen gelin-gyzlarynyň elde nagyşlan gadymy egin-eşikleri, nepislik bilen dokalan milli haly we haly önümleri, dürli saz gurallary, gündelik durmuşda ulanylan hojalyk esbaplary görkezilýär. Mundan başga-da sergide gözel tebigatymyzy suratlandyrýan şekilli halylar hem bar.