Primary tabs
Gahryman Arkadagymyz öz çykyşlarynda ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde ýurdumyzyň, halkymyzyň baý taryhyna uly orun degişlidigini nygtaýar. Ýurdumyzyň muzeýleri hem milli mirasy wagyz etmek we düşündirmek işine uly gоşant goşýarlar. Munuň üçin köpçülikleýin geçirilýän çärelerde, dabaralarda, ýaşlar üçin ýörite mekdeplerde, ýokary okuw mekdeplerinde muzeý gaznasynyň gymmatlyklaryndan düzülen göçme sergiler yzygiderli gurnalýar.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýyly mynasybetli 2020-nji ýylyň 24-nji fewralynda «Talyp gözeli» atly bäsleşigi geçirdi. Şol çäräniň çäginde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan «Taryha baý Türkmenistan – Bitaraplygyň Watany» atly göçme sergi gurnady.
Sergide milli egin-eşikler, haly we haly önümleri, saz gurallary, gündelik durmuşda ulanylan hojalyk esbaplary görkezilýär. Mundan başga-da sergide gözel tebigatymyzy suratlandyrýan şekilli halylar hem bar.