TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET MEDENIÝET MERKEZINIŇ DÖWLET MUZEÝI

2020-nji ýylyň 21-nji fewralynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan Aşgabat şäherindäki 116-njy orta mekdepde «Milli mirasa sarpa» atly sergi gurnaldy

Türkmenistan döwletimiz hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagy bilen hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz tagallalary netijesinde 2020-nji ýyl «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýyly diýlip atlandyryldy. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygyny şöhratlandyrmak we raýatlarymyzyň Watançylyk ruhyny belende götermek has-da buýsandyryjydyr. Dünýä döwletleri bilen alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli, dost-doganlyk gatnaşyklary Bitarap Türkmenistanyň at- abraýyny has-da belende göterýär. Şu ýyl biziň Bitaraplygymyza 25 ýyl dolýar. Bu şanly baýramçylyga Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi öz mynasyp goşandyny goşup, sowgatly barýar. Hormatly Prezidentimiziň şanly Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryny has-da berkitmek, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny barha ýokarlandyrmak, ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşmak ugrunda alyp barýan döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin ýurdumyzda hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen, kämil nesli kemala getirmek möhüm wezipeleriň biri bolup durýar.

Bu wezipäniň ýerine ýetirilmeginde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde hem birnäçe işler alnyp barylýar. Biziň muzeýimiziň ylmy işgärleri hemişelik sergi bölümlerinde görkezilýän dürli gymmatlyklary wagyz etmek bilen çäklenmän, dürli temalar boýunça Aşgabat şäherindäki çagalar baglarynda, orta we ýokary okuw jaýlarynda yzygiderli göçme sergileri hem gurnaýarlar. Ynha, şu gün, 2020-nji ýylyň fewral aýynyň 21-nde Döwlet muzeýiniň Medeni aň-bilim işleri bölüminiň ylmy işgärleri tarapyndan Aşgabat şäherindäki 116-njy orta mekdepde «Milli mirasa sarpa» atly muzeý gymmatlyklaryndan ybarat bolan sergi gurnaldy. Sergide Döwlet muzeýiniň maddy medeniýet we tebigat gaznalarynda saklanylýan birnäçe gymmatlyklar görkezildi, olardan haly we haly önümleri, olary taýýarlamak üçin ulanylýan ýüň darak, XIX-XX-nji asyrlara degişli keteni köýnekler, çyrpylar, düýpli gyňaçlar, böke köwüş, çaga egin - eşikleri, erkek adamynyň milli eşigi , türkmen halkynyň geçmişde hojalygyny dolandyrmakda ulanan birnäçe hojalyk esbaplary, şeýle-de biziň ýurdymyzda duş gelýän guşlaryň dürli görnüşleriniň gäpleri , mineral we bezeg daşlary görkezildi. Döwlet muzeýiniň ylmy işgärleri ýaş nesillere Türkmen halkynyň taryhy, onuň milli däp-dessurlary, edim-gylymlary barada muzeý gymmatlyklarynyň üsti bilen gyzykly gürrüňler berdiler. Ýaş nesiller hem öz gezeginde okamaga, döretmäge, türkmen halkynyň bäş müňýyllyk taryhyny, däp-dessuryny öwrenmäge, gözüniň göreji deýin gorap saklamaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin mähriban Arkadagymyza çäksiz alkyşlar aýtdylar.