Primary tabs
«Ýaş suratkeş» gurnagynyň şu günki temasy «Gök-önümlerden, ir-iýmişlerden ýeňil düzülen natýurmort» çekmek. Kagyzyň ýüzünde, gara galamyň kömegi bilen, gök-önümlerini dogry düzüp, şekilleriň göwrümlerini biri-birinden tapawudyny saýgarmak okuwçylaryň esasy maksady boldy. Okuwçylar gök-önümli natýurmordy galam bilen şekilini alyp, indiki sapakda suwly reňkler ýa-da guaş ýaly boýaglar bilen dowam ederler. Surat sapagyny alyp baran Döwlet muzeýiniň «Çeper-dikeldiş we rejeleýiş işleri» bölüminiň 1-nji derejeli suratkeş-rejeleýjisi Maýsa Abdullaýewa.
«Ýaş taryhçy» gurnagynda çagalar «Nusaý ýadygärlikleri» atly tema boýunça sapak geçdiler. Çagalara Nusaý ýadygärliginden tapylan dürli gymmatlyklar we ol ýerde gazuw-agtaryş işlerini geçiren arheologlar barada maglumat berildi.
Sapagy has-da berkitmek maksady bilen okuwçylar Döwlet muzeýiniň «Antika döwrüniň» bölüminde ekskursiýa aldylar. Geçilen temanyň okuwçylaryň hakydasynda galmagy maksady bilen olaryň aralarynda sorag-jogaply bäsleşik geçirildi. Sapagy muzeýiň Türkmenistanyň taryhy ylmy-barlag bölüminiň gazna saklaýjysy Durdykakaýewa Näzikjemal geçirdi.
«Ýaş tebigatçy» gurnagynda çagalar 29-njy ýanwarda eken tuýa agaçynyň şitilniň boýyny ölçediler. Soňra dünýäde we Türkmenistanda balyklaryň köpdürliligi we alym J.S.Alyýewyň ot iýýän balyklary ulanmak arkaly kanallary ot basmagyndan goramak teklip eden usuly bilen tanyşdyryldy. Sapagy Tebigat we ülkäni öwreniş bölüminiň müdiri E.Altyýewa geçirdi.