2020-nji ýylyň 19-njy fewralynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan Aşgabat şäherindäki 140-njy orta mekdepde «Taryhy baý Watanym» atly sergi gurnaldy

Arkadag Prezidentimiziň başlangyjy bilen «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» diýen şygar bilen dabaralandyrylan 2020-nji ýylyň her bir güni beýik zähmet ýeňişlerine, taryhy altyn sahypalar bilen bezejek şanly wakalara beslenýär. Halkymyzyň şöhratly taryhyny, baý milli mirasyny öwrenmäge, şu günki hem-de geljekki nesillere ýetirmäge giň mümkinçilikler döredildi. Biziň ýurdumyzda ýaşlara bilim bermekde, olary ruhy taýdan baý, giň gözýetimli edip ýetişdirmekde muzeýleriň ähmiýeti örän uludyr. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň işgärleri hem muzeýiň hemişelik sergi bölümlerinde görkezilýän gymmatlyklary wagyz etmek bilen çäklenmän, dürli temalar boýunça Aşgabat şäherindäki çagalar baglarynda, orta we ýokary okuw jaýlarynda yzygiderli göçme sergiler gurnaýarlar hem-de sapaklar geçirýärler.

 2020-nji ýylyň 19-njy fewralynda Döwlet muzeýiniň Türkmenistanyň taryhy ylmy-barlag bölüminiň ylmy işgärleri tarapyndan Aşgabat şäherindäki 140-njy orta mekdepde «Taryhy baý Watanym» atly göçme sergisi gurnaldy.          Sergide Nusaý taryhy ýadygärliginiň arheologiýa tapyndylaryna mahsus binagärçilik bezegleri, taryhy ýadygärliklere degişli fotosuratlar goýuldy.

Gadymy döwürleriň taryhyndan habar berýän ajaýyp medeni ýadygärliklerimiziň biri-de Aşgabat şäherinden 18 kilometr uzaklykda, günorta-günbatarda ýerleşýän Bagyr obasyny etekläp oturan, 2007-nji ýylda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ÝUNESKO-nyň Bütündünýä mirasyna goşulan, gadymy Parfiýa döwletiniň paýtagty bolan Nusaý galasydyr. Parfiýa döwletiniň medeni mirasynyň iň gyzykly bölegi onuň amaly-haşam sungatydyr. Küýzegärleriň we zergärleriň nepis önümleri, köşk esbaplarynyň arasynda şah şekilli ritonlar aýratyn orun eýeleýär.  

Bu sergi okuwçylarda ata-babalarymyzyň ruhy dünýäsine, medeni gymmatlyklaryna, tapylgysyz baý mirasyna bolan hormaty artdyrdy. Ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde halkymyzyň baý taryhy ruhy goldaw berýär, Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýagty geljege bolan ynamyny artdyrýar. Ata-babalarymyzdan galan milli mirasymyza uly sarpa goýýan hormatly Prezidentimiz muzeý gymmatlyklarymyzy ylmy taýdan öwrenmäge, aýawly saklamaga, dünýä ýaýmaga ähli şertler döretdi. Medeni mirasymyzy, milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamak babatda edýän bimöçber aladalary üçin hormatly Arkadagymyza egsilmez alkyş aýdýarys! Mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun! Il-ýurt ähmiýetli tutýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!