2020-nji ýylyň 7-nji fewralynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan Aşgabat şäheriniň 79-nji orta mekdebinde “Milli mirasyň dabaralanmagy”atly sergi gurnaldy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň işgärleri muzeýiň hemmiselik sergi bölümlerinde görkezilýän dürli gymmatlyklary  wagyz etmek bilen çäklenmän, dürli temalar boýunça Aşgabat şäherindäki çagalar baglarynda, orta we ýokary okuw jaýlarynda yzgiderli göçme sergiler gurnaýarlar hem-de sapaklar geçirýärler.

2020-nji ýylyň 7-nji fewralynda   Döwlet muzeýiniň Medeni aň-bilim işleri bölüminiň ylmy işgärleri Aşgabat şäherindäki 79-nji orta mekdebinde “Milli mirasyň dabaralanmagy” atly  muzeý gymmatlyklaryndan ybarat bolan sergi gurnadylar.

Sergide Döwlet muzeýiniň maddy medeniýet, tebigat we arheologiýa gaznalarynda saklanylýan birnäçe gymmatlyklar, olardan: Nusaý taryhy ýadygärligine degişli arheologiýa tapyndylar we fotosuratlar, XIX-XX-nji asyrlara degişli asyl nusgadaky egin-eşikler, çaga eşikleri, türkmen halkynyň geçmişde ulanan birnäçe hojalyk esbaplary, şeýle-de biziň ýurdumuzda duş gelýän guşlaryň dürli görnüşleri, bezeg daşlary görkezildi. Döwlet muzeýiniň ylmy işgärleri  ýaş nesillere  türkmen halkynyň  taryhy, milli mirasy, tebigy baýlyklary barada muzeý gymmatlyklarynyň üsti bilen  gyzykly gürrüňler berdiler.  Ýaş  nesiller  hem öz gezeginde okamaga,  döretmäge,  türkmen halkynyň bäş müňýyllyk taryhyny, däp-dessurlaryny öwrenmäge, tebigatyny gözüniň göreji deýin gorap saklamaga goşant goşmalydyrlar. Ýurdumuzda milli mirasymyzyň gymmatlyklaryny wagyz etmegi has-da ösdürmek, Türkmeistanyň taryhyny, milliligini, tebigatyny çuňňur öwrenmek üçin ýaýbaňlanan bu sergi, muzeý işiniň döwrebap derejede öňe gitmegine, hünärmenleriň derejesiniň kämilleşmegine oňyn täsirini ýetirer. Şeýle çäreleri geçirmäge, olary geljegimizi gülletjek ýaş nesilleriň aňyna ornaşdyryp, gözýetimini giňeltmäge mümkinçilik döredýän  hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun!