Primary tabs
«Süýrenijiler klasyna degişli pyşdyllar» atly tema boýunça «Ýaş tebigatçy» gurnagynyň okuwçylary sapak geçdiler. Olar Türkmenistanda, şeýle hem dünýäniň beýleki ýurtlarynda duş gelýän suwda we gury ýerde ýaşaýan pyşdyllar barada gyzykly maglumatlary diňlediler. Mekdep okuwçylaryna pyşdyllaryň ýaşaýyş aýratynlyklary, iýmitlenişi, köpelişi we tebigatda hem-de adam üçin ähmiýeti barada gyzykly maglumat berildi. Çagalar bilen nobatdaky testleşdirme geçirilmegi gowy netijeleri görkezdi.
«Ýaş taryhçy» gurnagynda çagalara «Jeýtun medeniýetinden tapylan zähmet gurallary» atly tema boýunça sapak berildi. Sapakda gadymy zähmet gurallary bolan orak, kätmen we çakmak daşlary barada okuwçylara gürrüň berildi. Sapagy has-da tejribe ýüzünde berkitmek maksady bilen okuwçylar Döwlet muzeýiniň Gadymy dünýä taryhy bölümine aýlandylar. Öwredilen zatlaryň okuwçylaryň hakydasynda galmagy maksady bilen olaryň aralarynda barlagnama esasynda sorag-jogaply bäsleşik geçirildi.
«Ýaş suratkeş» gurnagynyň şu günki temasy «Türkmen halk ertekilerini suratlandyrmak» boldy. Okuwçylar öz ene-atalaryndan, mekdepde öwrenen türkmen halk ertekilerini öz isleglerine görä saýlap, muzeý hünärmenleriniň kömegi bilen kagyzyň ýüzünde beýan etdiler. Yzygiderli ýatdan çekilen taslamalar çagalaryň göz öňüne getirmekli ukybyny güýçlendirýär.