Primary tabs
Türkmenistan döwletimiz hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň şanly senesi mynasybetli, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2020-nji ýyl «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýyly diýilip atlandyryldy. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygyny şöhratlandyrmak we raýatlarymyzyň Watançylyk ruhyny belende götermek öran buýsandyryjydyr. Bitaraplyk düşünjesi we ýörelgeleri türkmen halkynyň durmuşynda parasatly pederlerimizden gözbaş alyp gaýdýar. Türkmen halky ýaşaýyş durmuşynda hemişe ynsanperwer ýörelgelerden, dostlukly gatnaşyklardan ugur alypdyr. Agzybirlige gol berip, daş-töwereginde dostlaryny köpeldip ýaşapdyr. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň ylmy işgärleri türkmen halkynyň dünýä ýaň salan taryhyny, milli medeni we tebigy gymmatlyklaryny gorap saklamakda, giňden wagyz etmekde, geljekki nesillere ýetirmekde uly işler alyp barýarlar. Aşgabat şäherindäki çagalar baglarynda, orta mekdeplerde we ýokary okuw jaýlarynda yzygiderli göçme sergiler gurnalýar .
Şu gün, 2020-nji ýylyň fewral aýynyň 3-inde Aşgabat şäherindäki Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýyly mynasybetli muzeý gymmatlyklaryndan ybarat bolan ajaýyp sergi gurnaldy, sergi aýyň 9-yna çenli dowam eder.
Bu göçme sergisiniň açylyş dabarasynda Döwlet muzeýiniň tebigat we ülkäni öwreniş bölüminiň müdiri Enejan Altyýewa, Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy Ýazberdi Gurbandurdyýew, Döwlet muzeýiniň ylmy işgäri Öwez Rahmanow çykyş etdiler.
Sergide Döwlet muzeýiniň Maddy medeniýet gaznasynda saklanylýan birnäçe gymmatlyklar, olardan haly we haly önümleri, milli egin-eşikler, milli saz-gurallarymyz, dokmaçylykda ulanylýan birnäçe esbaplar goýuldy. Döwlet muzeýiniň ylmy işgärleri talyp ýaşlara türkmen halkynyň taryhy, onuň milli däp-dessurlary, ynsanperwer gatnaşyklar barada muzeý gymmatlyklaryň üsti bilen gyzykly gürrüňler berdiler. Talyp ýaşlar hem öz gezeginde okamaga , döretmäge türkmen halkynyň bäş müň ýyllyk şöhratly taryhyny, däp-dessurlaryny öwrenmäge, gözüniň göreji ýaly gorap saklamaga, döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlar aýtdylar.