Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Watan goragy mukaddesdir» atly sergi gurnaldy

 

         Her ýylyň 27-nji ýanwarynda uly dabara bilen bellenilýän Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilen senesi – Watan goragçylarynyň güni «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda aýratyn many-mazmuna eýe bolup, hemmämiziň şatlygymyzy we buýsanjymyzy artdyrýar. Bu baýram döwletimiziň garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewiligini we konstitusion gurluşyny gorap saklaýan Ýaragly Güýçlerimiziň merdana gerçeklerine bildirilýän uly ynamyň, çäksiz hormatyň we olar hakda edilýän aladalaryň aýdyň subutnamasydyr.

Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda hemişelik Bitaraplyk ýörelgesine eýerýän Garaşsyz Türkmenistanyň Harby doktrinasy goranyş häsiýetli bolup, ol ata-babalarymyzyň parahatçylyk söýüjilikli ýörelgelerini, harby däp-dessurlaryny dowam edýär. Ýurdumyzyň Harby doktrinasy goňşy döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary saklamaga giň ýol açýar.

Türkmenistanyñ Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde hem Watan goragçylarynyň güni mynasybetli «Watan goragy mukaddesdir» atly sergi guraldy.

Bu sergi Türkmenistanyň hormatly Prezidentimiziň Watan goragçylary barada aýdan parasatly sözleri bilen başlaýar, serginiň dowamynda öz beýanyny tapýar. Olaryň hatarynda döwlet Baştutanymyzyň harby gullukçylar bilen okuw türgenleşik döwründe düşen fotosuratlary, hormatly Prezidentimize sowgat berlen Türkmenistan Watanymyzyň ösüş-özgerişlerini sungatyň üsti bilen beýan edýän gymmatly zergärçilik eserleri, taryhy döwürlerde ulanylan ýarag esbaplary şeýle-de gymmatbaha daşlar bilen bezelen gylyçlar, kümüşden ýasalyp, altyn çaýylan hanjarlardyr gamalar görkezilýär. Bulardan başga-da serginiň dowamynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini esaslandyrmak baradaky maglumatlar, Garaşsyzlyk ýyllarynda, Milli Goşunymyzy pugtalandyrmakda geçirilen işleri açyp görkezýän eksponatlar bar. Hormatly Prezidentimiziň kitaplary serginiň görnükli ýerinden orun aldy, şeýle hem Türkmenistanyň syýasy we harby durmuşyna, Watanymyzyň şöhratly taryhyna degişli, bu günki Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ähli babatda gazanýan üstünliklerini aýdyň görkezýän gymmatlyklardyr fotosuratlar, dürli halylar we pannolar sergä aýratyn gelşik berýär.

Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory, taryh ylymlarynyň kаndidaty Öwezmuhammet Mämmetnurow gutlag sözi bilen açdy. Serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Harby akademiýasynyň ylmy bölüminiň başlygy, podpolkownik, taryh ylymlarynyň kandidaty Ahmet Myradowiç Annanepesow, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň okuw rotasynyň serkerdesi, kapitan Atamyrat Abdyrahmanow, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň aýratyn hormat garawuly batalýonynyň medeniýet öýüniň başlygy Akgözel Babageldiýewa, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky harby institutynyň terbiýeçilik işleri boýunça bölüminiň hünärmeni, kapitan Şamyrat Kürräýew, «Bereketli toprak» gazetiniň uly habarçysy Altyn Baýramdurdyýewa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň medeniýet we köpçülikleýin habar beriş bölüminiň müdiri Röwşen Hojamow, «Esger» gazetiniň bölüm müdiri Baýmuhammet Japarow, «Adalat» gazetiniň uly habarçysy Gülälek Meretmyradowa, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň 11-nji synp harby okuwçysy Döwletgeldi Muhammetgulyýew, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky harby institutynyň 3-nji ýyl talyby Toýlymyrat Begmyradow gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň talyplary, Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiň okuwçylary, 20016 harby bölüminiň esgerleri, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary myhman hökmünde gatnaşdylar.

Dabara gatnaşyjylar her ýylyň 27-nji ýanwarynda giňden bellenilýän Watan goragçylarynyň güni mynasybetli gurnalan «Watan goragy mukaddesdir» atly sergä aýlanyp gördüler, muzeýiň işgärleriniň gyzykly hem täsirli gürrüňlerini diňlediler.