2020-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan Aşgabat şäherindäki 140-njy orta mekdebinde «Guşlaryň köpdürlüligi» atly sergi gurnaldy.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň işgärleri muzeýiň hemişelik sergi bölümlerinde görkezilýän dürli gymmatlyklary wagyz etmek bilen çäklenmän dürli temalar boýunça Aşgabat şäherindäki çagalar baglarynda, orta we ýokary okuw jaýlarynda yzygiderli göçme sergiler gurnaýarlar hem-de sapaklar geçirilýär.

 2020-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Döwlet muzeýiniň Tebigat we ülkäni öwreniş bölümi tarapyndan Aşgabat şäherindäki 140-njy orta mekdebinde «Guşlaryň köpdürliligi» atly göçme sergisi gurnaldy. Bu göçme sergide biziň ýurdumyzda duş gelýän guşlaryň dürli görnüşleri we gäpleri görkezildi hem-de guşlar barada giňişleýin gürrüň berildi, olaryň höwürtgeleri we ýumurtgalary, gäpleri görkezildi.

Çagalar sergide her guşuň görnüşiniň biologiki aýratynlygy, olaryň ýaýran ýerleri, iýmitlenişi, höwürtgeleýşi we göçüş möwsümleri barada tanyşdylar.

Ondan başga-da muzeýiň ylmy işgärleri guşlaryň tebigatda we adamyň ýaşaýşynda bolan ähmiýeti hem-de seýrek duş gelýän guşlary goramakda Döwlet goraghanalarda alnyp barylýan işler barada gürrüň berdiler.