2020-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan Aşgabat şäherindäki 101-nji orta mekdepde «Watanymyzyň tebigy we milli gymmatlyklary» atly sergi gurnaldy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Medeni aň- bilim işleri bölüminiň işgärleri türkmen halkynyň dünýä ýaň salan taryhy, medeni, milli we tebigy gymmatlyklaryny gorap saklamakda, giňden wagyz etmekde hem-de geljekki nesillere ýetirmekde uly işler alyp barýarlar. Muzeýe gelýän okuwçylar, talyplar arheologiýa tapyndylaryň, milli gymmatlyklaryň we tebigy esbaplaryň üsti bilen türkmen halkynyň baý taryhyny, medeniýetini, ýurdumyzyň haýwanat we ösümlik dünýäsini öwrenýärler. Döwlet muzeýiniň işgärleri muzeýiň hemişelik sergi bölümlerinde görkezilýän gymmatlyklary wagyz etmek bilen çäklenmän, dürli temalar boýunça Aşgabat şäherindäki çagalar baglarynda, mekdeplerde, orta we ýokary okuw jaýlarynda yzygiderli göçme sergiler hem gurnaýarlar.

2020-nji ýyl «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýyly diýlip atlandyryldy. Şu ýylyň «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyrylmagy, ýöne ýerden bolman, ol köptaraply ýordumlardan ugur alandyr. Sebäbi, bu gojaman taryhda türkmen halky parahatlyk söýüjilikde, ynsanperwerlikde özüni tanadan halkdyr. Şeýle ýörelgelerden ugur alyp, nesil terbiýelän, ýetmişden gowrak döwlet guran türkmen halky XX asyryň ahyrynda binýady berkden tutulan Garaşsyz hem hemişelik Bitarap döwletiň eýesi boldy. Dünýäde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Bitarap döwlet – bu biziň ata Watanymyz eziz Türkmenistandyr. Baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk toýuna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi hem öz goşandyny goşýar.Ynha, şu gün 2020-nji ýylyň ýanwar aýynyň 20 -sine Döwlet muzeýiniň medeni aň-bilim işleri bölüminiň ylmy işgärleri Aşgabat şäherindäki 101-nji orta mekdepde «Watanymyzyň tebigy we milli gymmatlyklary» atly muzeý gymmatlyklaryndan ybarat bolan sergi gurnadylar. Sergide Döwlet muzeýiniň Maddy medeniýet gaznasynda saklanýan birnäçe gymmatlyklar, olardan : horjunlar, çuwallar, halyçalar, milli egin – eşikler, milli saz gurallarymyz, dokmaçylykda ulanylýan birnäçe esbaplar, ýumaklar, ikler, türkmen halkynyň geçmişde hojalygyny dolandyrmakda ulanan esbaplary, şeýle hem Tebigat gaznasyndan mineral we bezeg daşlary, ýurdumyzda duş gelýän birnäçe guşlaryň gäpleri görkezildi. Sergide Döwlet muzeýiniň ylmy işgärleri ýaş nesillere Türkmen halkynyň taryhy, onuň milli däp-dessurlary, edim- gylymlary, gözel tebigatymyz we onuň ösümlik we haýwanat dünýäsi barada muzeý gymmatlyklarynyň üsti bilen gyzykly gürrüňler berdiler. Ýaş nesiller hem öz gezeginde okamaga, döretmäge, türkmen halkynyň bäş müňýyllyk taryhyny, däp-dessuryny öwrenmäge, gözüň göreji deýin gorap saklamaga döredip berýän ähli mümkünçilikleri üçin hormatly Prezidentimize çäksiz sagbolsun aýtdylar.