Gadymy Margianadan tapylan arheologiýa tapyndylarynyň mysalynda gymmatlyklary rejelemek, zaýalanmagyň öňüni almak we gorap saklamak barada okuw-maslahaty

 

«Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan durmuş-ykdysady özgertmeleri milli medeniýetimiziň ösmegine, türkmen halkynyň taryhy we ruhy mirasyny bütin dünýäde wagyz etmek işlerini güýçlendirmäge hem-de döwletleriň arasynda medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ýardam berýär.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda ileri tutulýan döwletara gatnaşyklaryň çäklerinde peýdaly hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Netijeli türkmen-german medeni gepleşikleri geljekde taraplaryň uzak möhletleýin gatnaşyklarynyň amala aşmagy üçin möhüm ädim bolar.

2017-2018-nji ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň toplumyna girýän seýrek duş gelýän arheologiýa tapyndylary ilkinji gezek Ýewropanyň şäherlerinde, hag takygy Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin, Gamburg we Mangeým şäherlerinde «Margiana - Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyrynyň şalygy» ady bilen sergilendi. Germaniýadaky sergi medeniýet ulgamynda türkmen-german gatnaşyklarynyň peýdaly hyzmatdaşlygynyň netijesi boldy.

2020-nji ýylyň ýanwar aýynyň 13-18 aralygynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin şäheriniň Gadymy we irki taryh muzeýiniň direktorynyň orunbasary Anton Gass we şol muzeýiň rejeleýiş ussahanasynyň başlygy Schmidt Reimann Philipp Sebastian Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde bolup, arheologiýa gymmatlyklary rejelemek boýunça tejribe alyşdylar. Iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Germaniýanyň we Aşgabat şäheriniň we welaýat muzeýleriniň hünärmenleri bilen maslahat geçirildi. Maslahatda germaniýaly hünärmenler Germaniýa Federatiw Respublikasynyň muzeýlerinde geçen «Margiana - Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyrynyň şalygy» atly sergilere gatnaşan adamlarda Garagumda üsti açylan, hakykatdan-da täsin gadymy türkmen şalygynyň galyndylarynyň asyl nusgalary, gadymy margianalylaryň durmuşy, olaryň dini dünýä gaýyşlary, däpleri we daş keşbi barada gürrüň berýän täsin eksponatlaryň özlerinde galdyran täsirleri barada gyzykly gürrüňler berdiler.

Maslahata Berlin şäheriniň Gadymy we irki taryh muzeýiniň hünärmenleri bilen ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň muzeýleriniň «Çeper rejeleýiş we dikeldiş işleri» bölüminiň işgärleri taryhy gymmatlyklaryň aýawly saklanylyşy, olarda rejeleýiş we dikeldiş işleriniň dünýä boýunça ýola goýulyşy we taryhy barada, şeýle-de, arheologiýa gymmatlyklarynyň zaýalanmagynyň öňüni almak we gorap saklamak dogrusynda tejribe we nazaryýet sapaklary geçirildi. Duşuşyklaryň çäklerinde Döwlet muzeýiniň arheologiýa gaznasynda saklanylýan keramikadan we bürünçden ýasalan käbir gymmatlyklary rejelemek we dikeltmek işleri geçirildi.

Bu duşuşyk muzeý işgärleriniň arasynda iki taraplaryň tejribe alyşmaga uly ýardam berdi.