Primary tabs
2019-njy ýylyň 23-29-njy dekabrynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň guramagynda Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institudynda «Rowaçlygyň ýurdy – Türkmenistanyň milli mirasy» atly göçme sergi gurnaldy. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň gaznasyndan halylar we pano halylar, milli egin-eşikler, durmuş esbaplary, saz gurallary sergide görkezildi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe medeniýet ulgamyny ösdürmek we halkymyzyň medeni-ruhy derejesini ýokary götermek ugrunda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Türkmenistanyň bolsa bäş müňýyllyk baý taryhy, medeniýeti we etnografiýasy bar. Türkmen halkynyň egin-eşikleri ýaş we nagyş aýratynlyklary boýunça tapawutlanýar. Olara çaga eşikler, ýaş gyz-gelinleriň, orta ýaşan zenanlaryň, ýaşuly ene-mamalarymyzyň egin-eşikleri we bezeg şaýlary degişlidir.
Serginiň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň tanymal alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde alymlar, döredijilik işgärleri bilen duşuşyklar, sergiler, ylmy-amaly we okuw maslahatlary yzygiderli geçirilýär. Şeýle-de ýokary okuw mekdeplerinde hem hepdelik göçme sergiler gurnalyp durýar. Bu günki gurnalan sergi hem munuň nobatdaky subutnamasydyr. «Rowaçlygyň ýurdy – Türkmenistanyň milli mirasy» ady bilen göçme serginiň gurnalmagy türkmen halkynyň milli däp-dessurlarydyr edep-kadalaryny, ýaş kiçiniň ýaşula goýýan sarpasyny, ýaşlaryň terbiýesinde muzeý gymmatlyklarynyň ähmiýetini wagyz etmäge mümkinçilik berdi.