Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi Türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli sergi gurnady

 

2019-njy ýylyň 19-njy dekabrynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Haly türkmeniň milli buýsanjy» atly ylmy-amaly maslahatyň we onuň çäginde şol at bilen gurnalan serginiň dabaraly açylyşy boldy. Dabara ýurdumyzyň tanymal alymlary, döredijilik adamlary, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar.

Dabarany Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory, Türkmenistanyň halk suratkeşi, taryh ylymlarynyň kandidaty  Ö.Mämmetnurow açdy.         

Milli medeniýet döwürleriň we nesilleriň özara gatnaşygyny üpjün edýär. Ol halkyň öz ata-babalarynyň maddy hem-de ruhy mirasyna özbaşdak, erkin eýe bolmagyna ýol açýar. Halkyň ruhy mirasyny gorap saklamak jemgyýetiň okgunly we sazlaşykly ösüşiniň möhüm şertidir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysady taýdan ýokary derejede ösüşi bilen baglylykda jemgyýetimiziň ruhy taýdan ösüşine hem döwlet tarapyndan giň goldaw berilýär. YUNESKO 2003-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Parižde geçirilen otuz ikinji baş konferensiýasynda «Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakyndaky Konwensiýasyny kabul etdi.

Medeni mirasy goramak işine Türkmenistanyň Gahrymany Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özüniň aýratyn üns bermegi bu meselede döwletimiziň we halkymyzyň abraýyny dünýä derejesinde belende göterýär. Türkmen milli halyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. ÝUNESKO 2019-njy ýylyň 12-nji dekabrynda Kolumbiýanyň paýtagty Bogota şäherinde geçirilen 14-nji mejlisinde bu karara geldi.

Bu abraýly gurama tarapyndan berilýän habara görä, Maddy däl medeni mirasyň goragy boýunça hökümetara komitet Türkmenistanyň hödürlän gymmatlygyny doly goldady.

Türkmen haly sungaty, sözüň doly manysynda, baý taryha eýedir. Ol özüniň gymmatyny häzirki günlerde hem saklap gelýär. Haly taryhyň ähli döwürlerinde-de türkmen medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrüldi.

Mundan ozal küştdepdi tansy, Görogly şadessany we halkara nowruz baýramy ÝUNESKO –nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilipdi.   

2019-njy ýylyň 19-njy dekabrynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli «Haly türkmeniň milli buýsanjy atly ylmy-amaly maslahat we onuň çäginde, şol at bilen muzeýiň gaznasyndan sergi gurnaldy. Sergide gadymy nusgadaky haly we haly önümleriň, şeýle-de halyçylyk sungatynda ulanylýan dokma darak, synny, ýüň darak, gaýçy ýaly esbaplaryň, bäş welaýatyň göli çitilen horjunlaryň, döwrebap panno halylaryň görkezilmegi türkmen halkynyň ähli döwürlerde haly sungatyna sarpasynyň belent bolandygyna şaýatlyk edýär. Bu gün bolsa Türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi biziň hemmämiz üçin buýsançly waka boldy. Türkmen haly sungaty, türkmen halysynyň müňýyllyklaryň, asyrlaryň gatyndan gözbaş alyp gaýdýan sungatdygy barada döredijilik adamlary örän gyzykly maglumatlar bilen çykyş etdiler diýip, Döwlet muzeýiniň ýolbaşçysy öz çykyşynda nygtady.

Soňra duşuşykda Türkmenistanyň Halk suratkeşi Ada Gutlyýew, Türkmen Döwlet maliýe institutynyň professory Meret Öwlýagulyýew, Türkmenistanyň medeniýetde at gazanan işgäri, şahyr Oguljemal Çaryýewa,Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň esasy hünärmeni Agamyrat Baltaýew, «Garagum žurnalynyň bölüm redaktory Nurtäç Annamuhammedowa, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallymy Jeren Baltaýewa, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy Maral Hojagulyýewa,Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň işgäri Ogultagan Orazgulyýewa,Türkmen halysynyň milli muzeýiniň gürrüň berijisi Ogulbahar Meredowa çykyp geplediler.

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň işgärleri we Türkmen döwlet medeniýet institutynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplary dabara gatnaşdylar.

Dabarada örän gyzykly hem täsirli çykyşlar edilip, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Dabara gatnaşyjylar Döwlet muzeýinde gurnalan «Haly türkmeniň milli buýsanjy» atly sergä aýlanyp gördüler, muzeýiň işgärleriniň gyzykly hem täsirli gürrüňlerini diňlediler.