2019-njy ýylyň 18-nji dekabrynda muzeýde gurnaklaryň nobatdaky sapaklary geçdi

«Ýaş tebigatçy» gurnagynyň agzalary süýrenijiler klasyna degişli bolan ýylanlar bilen tanyşdylar. Olar Türkmenistanda, şeýle hem dünýäniň beýleki ýurtlarynda duş gelýän zäherli we zähersiz ýylanlar barada bildiler. Mekdep okuwçylaryna ýylanlaryň ýaşaýyş aýratynlyklaryny, iýmitlenişi, köpelişi we tebigatda hem-de adam üçin ähmiýeti barada gyzykly maglumat berdiler. Çagalar bilen nobatdaky testleşdirme geçirilmegi gowy netijeleri görkezdi.

Ýaş taryhçylar antiki döwrüň ýadygärligi bolan Nusaý barada bildiler. Olar ýadygärligiň çäklerinde tapylan eksponatlar bilen tanyşdylar.

«Ýaş suratkeş» gurnagynda täze ýyl temasy dowam edýär. Bu gün gurnaga gatnaşyjylar «Täze ýyly garşylamak» diýen temadan kompozisiýany ýerine ýetirdiler. Sapagyň wezipesi çagalara kagyz ýüzünde kompozisiýany dogry düzmegi öwretmekden, şeýle hem olary guaş reňkler we bu çeper materialy ulanmagyň esasy tehnikasy bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr.