Primary tabs
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň işgärleri tarapyndan Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli geçirilen aýdym – sazly dabaraly maslahatyň çäklerinde muzeý gymmatlyklaryndan ybarat bolan sergi gurnaldy
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň işgärleri muzeýiň hemişelik sergi bölümlerinde görkezilýän dürli gymmatlyklary wagyz etmek bilen çäklenmän, dürli temalar boýunça Aşgabat şäherindäki çagalar baglarynda, orta we ýokary okuw jaýlarynda yzygiderli göçme sergileri hem gurnaýarlar.
2019-njy ýylyň 18 -nji dekabrynda Döwlet muzeýiniň medeni aň-bilim işleri bölüminiň ylmy işgärleri tarapyndan paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli geçirilen «Türkmen halylary - dünýäde ykrar edilen ajaýyp sungatdyr «atly aýdym – sazly dabaraly maslahatyň çäklerinde muzeý gymmatlyklaryndan ybarat bolan sergi gurnaldy. Sergide Döwlet muzeýiniň maddy medeniýet gaznasynda saklanýan birnäçe gymmatlyklar: horjunlar, çuwallar, halyçalar, milli egin – eşikler, saz gurallarymyz, haly dokamakda ulanylýan esbaplar, ýumaklar, ikler we ş.m. görkezildi. Serginiň görnükli ýerinde bolsa hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyna peşgeş beren «Janly rowaýat» atly kitabynyň hala çitilen şekili ýerleşdirildi. Döwlet muzeýiniň ylmy işgärleri talyp ýaşlara türkmen halysynyň taryhy we onuň nagyşlarynyň aýratynlyklary barada gyzykly gürrüň berdiler. Talyp ýaşlar hem öz gezeginde okamaga, öwrenmäge, türkmen halkynyň bäş müňýyllyk taryhyny, däp-dessurlaryny öwrenmäge hem-de gözüň göreji deýin gorap saklamaga döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize çäksiz sagbolsun aýtdylar.