Primary tabs
Türkmenistanyň bäş müňýyllyk baý taryhy mirasy, medeniýeti we etnografiýasy bar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe medeniýet ulgamyny ösdürmek we halkymyzyň medeni-ruhy derejesini ýokary götermek ugrunda giň gerimli işler amala aşyrylýar.
2019-njy ýylyň 16-njy dekabrynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan «Garaşsyz Watanyň milli medeniýeti rowaçlyga beslenýär» atly sergi gurnaldy. Sergide Döwlet muzeýiniň gaznasyndan haly we pano halylar, şeýle-de milli egin-eşikler, durmuş esbaplary, atyň heýkelleri, saz gurallary görkezildi.
Türkmen halkynyň egin-eşikleri ýaş we nagyş aýratynlyklary boýunça tapawutlanýar. Olara çaga eşikler, ýaş gyz-gelinleriň, orta ýaşan zenanlaryň, ýaşuly ene-mamalarymyzyň egin-eşikleri we bezeg şaýlary degişlidir. Halkyň däp-dessurlary häzirki zaman jemgyýetiniň geçmiş, milli ýaşaýyş, medeniýet bilen arabaglanşygyny pugtalandyrýar.
Dabara ýurdumyzyň tanymal alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlarydyr talyplary hem gatnaşdylar.
Dabarany Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory, taryh ylymlarynyň kandidaty Ö. Mämmetnurow açdy.
Muzeýde ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň alymlary, döredijilik adamlary bilen duşuşyklar, sergiler, ylmy-amaly we okuw maslahatlary yzygiderli geçirilýär. Bu günki gurnalan sergi hem munuň nobatdaky subutnamasydyr. «Garaşsyz Watanyň milli medeniýeti rowaçlyga beslenýär» ady bilen sergi gurnalmagy türkmen halkynyň milli däp-dessurlarydyr edep-kadalaryny, ýaşkiçiniň ýaşula goýýan sarpasyny, ýaşlaryň terbiýesinde muzeý gymmatlyklarynyň ähmiýeti barada alnyp barylýan işleri wagyz etmäge mümkinçilik berdi.