Primary tabs
Mähriban Arkadagymyzyň saýasynda döwrüň belentliklerini nazarlap, bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ýagdaýy barha ýokary derejä galýar, medeniýetimiz, sungatymyz gülläp ösýär, belent sepgitlere beslenýär. Adamzat nesliniň taryhy bilen bagly gymmatlyklarymyzy dikeltmekde, taryhy hakykaty açyp görkezmekde, dünýä halklarynyň dostlukly gatnaşyklaryny mundan beýläk hem pugtalandyrmakda, dünýäde parahatçylygy, ynsanperwerligi wagyz etmekde, ösüp gelýän ýaş nesillerimizi kämil, medeniýetli, döwrebap terbiýeläp ýetişdirmekde ýurdumyzda muzeýleriň bahasyna ýetip bolmajak orny bardyr. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň işgärleri muzeýiň hemişelik sergi bölümlerinde görkezilýän dürli gymmatlyklary wagyz etmek bilen çäklenmän, dürli temalar boýunça Aşgabat şäherindäki çagalar baglarynda, orta we ýokary okuw jaýlarynda yzygiderli göçme sergiler hem gurnaýarlar.
Ynha, şu gün 2019-njy ýylyň dekabr aýynyň 16-synda Döwlet muzeýiniň medeni aň-bilim işleri bölüminiň ylmy işgärleri tarapyndan paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň Ruhnama adyndaky 28-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebinde «Türkmenistanyň haýwanat dünýäsi» atly muzeý gymmatlyklaryndan ybarat bolan sergi gurnaldy. Döwlet muzeýiniň ylmy işgärleri mekdep okuwçylaryna Türkmenistanda duş gelýän birnäçe haýwanlaryň, guşlaryň, süýrenijileriň görnüşleri we olaryň ýaşaýyş aýratynlyklary barada gyzykly gürrüňler berdiler. Serginiň dowamynda şol orta mekdebiň okuwçylary bilen sorag-jogap alyşyldy, bu bolsa okuwçylarda uly täsir galdyrdy. Mekdep okuwçylary hem öz gezeginde okamaga, öwrenmäge, türkmen halkynyň bäş müňýyllyk taryhyny, däp-dessuryny, gözel tebigatyny, sol bir wagtyň özünde ösümlik we haýwanat dünýäsini öwrenmäge hem-de gözüň göreji deýin gorap saklamaga döredip berýän ähli mümkünçilikleri üçin hormatly Prezidentimize çäksiz sag bolsun aýtdylar.