11-nji dekabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde hereket edýän gurnaklarda sapaklar geçdi.

 

«Ýaş tebigatçy» gurnagyň okuwçylary nobatdaky sapaklarynda Bogunaýaklylar tipine degişli bolan möýşekilliler klasy bilen tanyşdylar. Ýörite taýýarlanan suratlaryň kömegi bilen olar möýleriň daşky sypatyny we içki gurluşyny öwrendiler. Sapagyň dowamynda dünýäde we Türkmenistanda duş gelýän möýleriň we içýanlaryň görnüşleri bilen tanyşdylar hem-de tebigatda olaryň ähmiýeti barada maglumat aldylar. Geçilen sapagy berkitmek üçin çagalara testler taýýarlanyp berildi.

«Ýaş taryhçy» gurnagynda çagalar muzeýiň ekspozisiýasynda taýýarlanan wideo şekiliň üsti bilen Türkmenistanyň birnäçe taryhy ýadygärlikleri bilen tanyşdylar.

«Ýaş suratkeş» gurnagynda okuwçylar Täze ýyl we gyş pasly bilen bagly ussatlyk sapagyny gatnaşdylar we surat çekmegi öwrendiler.