«Türkmenistanyň ýerasty baýlyklary we paleontologik tapyndylary» atly sergi

2019-njy ýylyň 9-njy dekabrynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Tebigat we ülkäni öwreniş bölümi tarapyndan Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Aşgabat şäherindäki Berdimuhammet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebinde «Türkmenistanyň ýerasty baýlyklary we paleontologik tapyndylar» atly sergi gurnaldy. Bu sergide biziň ýurdumyzda gazylyp alynýan dürli magdanlaryň, mineral daşlaryň, dag jynslarynyň nusgalary we ýurdumyzda gurlup, ulanmaga berlen kärhanalaryň suratlary görkezildi.

Harby mekdebiň okuwçylary sergide Türkmenistanyň çäginde ýerasty baýlyklaryň känleriniň ýerleşýän ýerleri, magdanlaryň, mineral daşlaryň we dag jynslarynyň ýeriň gatlaklarynda emeli gelşi we olaryň halk hojalygyndaky ähmiýeti hem-de ulanylyşy barada giňişleýin tanyşdylar.

Ondan başga-da muzeýiň ylmy işgärleri Türkmenistanyň esasy baýlygy bolan tebigy gazynyň we nebit önümleriniň dürli ýurtlara eksport edilýändigi barada maglumat berdiler.

Serginiň dowamynda okuwçylar Türkmenistanyň çäginde tapylan gadymy haýwanlaryň we ösümlikleriň daşa öwrülen galyndylary bilen tanyşdylar. Olaryň arasynda gadymy deňiz kirpileri, balykgulaklar, ammonitler we daşa öwrülen agaç.

Şular ýaly sergileriň okuwçylaryň arasynda geçirilmeginiň ähmiýeti örän uludyr. Sebäbi okuwçylar we talyplar görkezilýän gymmatlyklaryň üsti bilen ýurdumyzda gazylyp alynýan peýdaly magdanlary has içgin öwrenýärler.