2019-njy ýylyň 5-nji dekabrynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan Aşgabat şäherindäki 30-njy orta mekdepde «Muzeý gymmatlyklarynyň terbiýeçilik ähmiýeti» atly sergi gurnaldy.

 

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi halkymyzyň taryhy-medeni ýadygärlikleriniň, milli gymmatlyklarynyň hazynasy bolup durýar. Muzeýiň işgärleri türkmen halkynyň dünýä ýaň salan taryhy, medeni, milli we tebigy gymmatlyklaryny gorap saklamakda, giňden wagyz etmekde hem-de geljekki nesillere ýetirmekde uly işler alyp barýarlar.

Muzeýde milli mirasy wagyz etmek we düşündirmek üçin belli çärelere, dabaralara bagyşlap sergiler gurnalýar. Muzeýe gelýänler dürli gymmatlyklar bilen tanyşmak arkaly türkmen halkynyň baý taryhy-medeniýeti barada öz bilimlerini artdyrýarlar.

Döwlet muzeýiň işgärleri hemişelik sergi bölümlerinde görkezilýän dürli gymmatlyklary wagyz etmek bilen çäklenmän, dürli temalar boýunça orta we ýokary okuw jaýlarynda, çagalar baglarynda yzygiderli göçme sergileri gurnaýarlar.

2019-njy ýylyň 5-nji dekabrynda Döwlet muzeýiniň Şekillendiriş sungaty bölümi tarapyndan Aşgabat şäherindäki 30-njy orta mekdepde «Muzeý gymmatlyklarynyň terbiýeçilik ähmiýeti» atly sergi gurnaldy. Bu sergide XIX-XX asyrlarda hojalykda ulanylan gap-gaçlaryň dürli görnüşleri, aýakgaplar, amaly-haşam sungatyna degişli haly önümleri, haly dokalýan zähmet gurallary, ýurdumyzda duş gelýän guşlaryň dürli görnüşleri görkezildi. Bular barada muzeýiň hünärmenleri okuwçylara gyzykly gürrüňler berdiler.

Bu sergi çagalaryň türkmen halkynyň miras galdyran we nesilden nesile geçip gelen medeni gymmatlyklary, baý taryhy, gözel tebigatymyzyň haýwanat dünýäsi barada giňden düşünje almaklaryna we öz bilimlerini artdyrmaklaryna, dünýägaraýyşlaryny giňeltmeklerine ýardam berýär.