2019-njy ýylyň 4-nji dekabrynda muzeýdäki gurnaklarda sapaklar geçirildi.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde dürli gurnaklar işini dowam edýärler.

 «Ýaş tebigatçy» gurnagynda çagalar Türkmenistanyň tebigy ýadygärlikleri bilen tanyşdylar. Biziň ýurdumyz täsin tebigy ýadygärliklere baýdyr. Olaryň arasynda Köýtendagda ýerleşýän Garlyk gowaklary, kiçiräk arnak tokaýy, Umbar şarlawugy, dinozawrlaryň aýak yzlary we Gaýnarbaba köli, Bathyzdaky Ýeroýlanduz çöketligi, Çelekendäki läbik wulkanlar we köp sanly beýlekiler bar. Tebigat we ülkäni öwreniş bölüminiň ylmy işgärleri bu ýadygärliklere bagyşlanan foto we wideo ýazgylary taýýarladylar hem-de tebigatyň döreden bu ajaýyp täsinlikleri barada gyzykly gürrüňleri berdiler.

Muzeýiň işgärleri şeýle hem çagalar üçin sapagyň temasyna degişli bäsleşikleri taýýarladylar. Gurnagyň işine işjeň gatnaşan çagalara baýraklar gowşuryldy.

Çeper-dikeldiş we rejeleýiş bölüminiň işgärleri «Ýaş suratkeş» gurnagynyň agzalarynyň arasynda surat çekmek boýunça ussatlyk sapaklaryny geçdiler. Nobatdaky sapagyň temasy Täze ýyl baýramçylygynyň otkrytkasyny taýýarlamak boldy. Çagalar diňe bir täze ýyl arçasyny çekmegi öwrenmek bilen çäklenmän, eýsem reňkli kagyzlaryň kömegi arkaly gurnama nagyş etmek usuly bilen hem tanyşdylar. Çagalar gurnakda öwrenen zatlaryny geljekde garyndaşlaryny we ýakynlaryny gutlamak üçin sowgatlary öz elleri bilen taýýarlamakda peýdalanyp bilerler.

«Ýaş taryhçy» gurnagynda hem gyzykly sapak geçildi. Çagalar gadymy Marguş döwleti we bu taryhy ýadygärlikde gazuw-agtaryş işleri geçirilende tapylan dürli tapyndylar bilen tanyşdylar.