Bitarap Türkmenistan – ösüşleriň ýurdy Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Türkmenistanyň şanly Bitaraplygynyň ХХIV ýyllygy mynasybetli 2019-njy ýylyň 2-nji dekabrynda «Bitarap Türkmenistan – ösüşleriň ýurdy» atly sergi gurnaldy.

 

Biziň ata Watanymyz – eziz Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen Bitarap döwletdir. Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesi BMG-nyň bu barada kabul eden iki sany Rezolýusiýasy esasynda berkidildi, şeýle hem ýurdumyzyň Konstitusiýasynda öz aýdyň beýanyny tapdy. Bu waka ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda uzak möhletleýin häsiýete eýe bolan maksatlary kesgitledi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ykrar edilen gününiň -12-nji dekabryň bütin dünýäde Halkara Bitaraplyk güni hökmünde giňden bellenilmegi bolsa ýurdumyzyň halkara abraýyny belende göterdi .

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» diýip atlandyrylan 2019-njy ýylda hem Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan köp işler alnyp barylýar. Bitaraplygymyzyň şanly ХХIV ýyllygy mynasybetli Döwlet muzeýinde 2019-njy ýylyň 2-nji dekabrynda «Bitarap Türkmenistan – ösüşleriň ýurdy» atly sergi gurnaldy.

Sergide muzeýiň gaznasyndan saýlanyp alnan gymmatlyklar, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary ýurtlaryň döwlet baştutanlary bilen duşuşyklaryna, halkara derejede geçirilýän forumlarda hem-de BMG-nyň Baş assambleýasynyň münberinde çykyş edip duran pursatyna degişli fotosuratlar toplumy ýerleşdirilýär. Döwlet Baştutanymyza sowgat berlen ajaýyp zergärçilik eserleri serginiň many-mazmunyny açyp görkezýär. Şonuň ýaly-da ussat gelin-gyzlarymyz tarapyndan sünnälenip dokalan şekilli halylar, suratkeşlerimiz tarapyndan döredilen sungat eserleri, hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitaplary, albomlar, žurnallar serginiň täsirliligini has hem artdyrýar. Bir söz bilen aýdylanda, «Bitarap Türkmenistan – ösüşleriň ýurdy» atly sergi berkarar döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmekdäki, sebitde we bütin dünýäde asudalygy, parahatçylygy goramakdaky taryhy hyzmatyna aýdyň göz ýetirmäge mümkinçilik berýär.  Türkmenistanyň Prezidenti Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýer ýüzünde parahatçylyk dörediji merkez hökmündäki abraý-mertebesi, şan-şöhraty mundan beýläk hem beýgelsin!

Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory, taryh ylymlarynyň kаndidaty Öwezmuhammet Mämmetnurow gutlag sözi bilen açdy.

Serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, taryh ylymlarynyň kandidaty Süleýman Süleýmanow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň uly ylmy işgäri Ata Nepesow, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň dünýä dilleri kafedrasynyň mugallymy Almanar Ýazberdiýewa, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Jeren Baltaýewa, “Galkynyş” gazetiniň bölüm redaktory, şahyr Ogultäç Oraztaganowa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet  merkeziniň Döwlet  kitaphanasynyň I-nji derejeli kitaphanaçysy, Türkmenistanyň medeniýetinde at gazanan işgäri Oguljemal Orazdurdyýewa, “Nesil” gazetiniň uly habarçysy Akgül Saparowa, Maýa Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiri Gözel Aýnazarowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap geňeşiniň başlygy Perman Ballyýew, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy, Ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy Gülbahar Kulowa gatnaşdylar.

Dabarada örän gyzykly hem täsirli çykyşlar edilip, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Dabara gatnaşyjylar Döwlet muzeýinde gurnalan «Bitarap Türkmenistan – ösüşleriň ýurdy» atly sergä aýlanyp gördüler, muzeýiň işgärleriniň gyzykly hem täsirli gürrüňlerini diňlediler.