TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET MEDENIÝET MERKEZINIŇ DÖWLET MUZEÝI

2019-nji ýylyň 2-nji dekabrynda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda «Taryha baý Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» atly göçme sergi gurnaldy.

Gahryman Arkadagymyz öz çykyşlarynda ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde ýurdumyzyň, halkymyzyň baý taryhyna uly orun degişlidigini nygtaýar. Şundan ugur almak bilen, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň işgärleri milli mirasymyzy wagyz etmek we düşündirmek işine uly gоşant goşýarlar. Munuň üçin köpçülikleýin geçirilýän çärelerde, dabaralarda ýörite we ýokary okuw mekdeplerinde muzeý gaznasynyň gymmatlyklaryndan düzülen göçme sergiler yzygiderli gurnalýar.

Muzeýiň daşynda gurnalýan göçme sergiler hem ýaşlaryň bilim terbiýesine uly kömek berýär. Olar wagyz işniň bir görnüşi bolmak bilen, watansöýüjiligi, ynsanperwerligi ýaş nesiliň aňyna guýmakda önjeýli goşant goşýar. Muzeý işgärleri muzeýde we onuň daşynda geçirilýän sergileriň, ekskursiýalaryň, leksiýalaryň, tematiki duşuşyklardaky gürrüňdeşlikleriň we beýleki köpçülikleýin çäreleriň ýaş nesliň watansöýüjilik terbiýesiniň meselelerine jogap bolmagy üçin ymtylýarlar.

Sergide taryhy ýadygärlikler şekillendirilen haly-pannolar, fotosuratlar we nakgaşlyk eserleri, XIX-XX asyrlarda hojalykda ulanylan gap-gaçlaryň dürli görnüşleri, zergärçiik eserleri görkezilýär.

Bu sergi talyp ýaşlarda ata-babalarymyzyň ruhy dünýäsine, medeni gymmatlyklaryna, tapylgysyz baý mirasyna bolan hormatyny artdyrdy.

Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory, taryh ylymlarynyň kаndidaty Öwezmuhammet Mämmetnurow gutlag sözi bilen açdy. Serginiň açylyş dabarasynda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň Ýaşlar guramasynyň başlygy Röwşen Şagulyýew, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň medeni aň-bilim bölüminiň müdiri Öwez Rahmanow hem çykyş etdiler.

Dabara gatnaşyjylar Halkara gatnaşyklar institutynda gurnalan «Taryha baý Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» atly sergä aýlanyp gördüler, muzeýiň işgärleriniň gyzykly hem täsirli gürrüňlerini diňlediler.