2019-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan Aşgabat şäherindäki 84-nji orta mekdebinde “Türkmenistanda guşlaryň köpdürlüligi” atly sergi gurnaldy.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň işgärleri türkmen halkynyň dünýä ýaň salan taryhy, medeni, milli we tebigy gymmatlyklaryny gorap saklamakda, giňden wagyz etmekde hem-de geljekki nesillere ýetirmekde uly işler alyp barýarlar.  Muzeýe gelýän okuwçylar, talyplar arheologiki tapyndylaryň, milli gymmatlyklaryň we tebigy esbaplaryň üsti bilen türkmen halkynyň baý taryhyny, medeniýetini, ýurdumyzyň haýwanat we ösümlik dünýäsini öwrenýärler.  Döwlet muzeýiniň işgärleri muzeýiň hemişelik sergi bölümlerinde görkezilýän dürli gymmatlyklary wagyz etmek bilen çäklenmän, dürli temalar boýunça Aşgabat şäherindäki çagalar baglarynda, mekdeplerde, orta we ýokary okuw jaýlarynda yzygiderli göçme sergiler hem gurnaýarlar.

 2019-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Döwlet muzeýiniň Tebigat we ülkäni öwreniş bölümi tarapyndan Aşgabat şäherindäki 84-nji orta mekdepde “Türkmenistanda guşlaryň köpdürlüligi” atly sergi gurnaldy. Bu sergide biziň ýurdumyzda duş gelýän guşlaryň dürli görnüşleriniň  gäpleri,  olaryň höwürtgeleri we ýumurtgalary görkezildi.  Çagalar sergide her guşuň görnüşiniň biologiki aýratynlygy, olaryň ýaýran ýerleri, iýmitlenişi, höwürtgeleýşi we göçüş möwsümleri bilen tanyşdylar. Ondan başga-da muzeýiň ylmy işgärleri guşlaryň tebigatda we adamyň ýaşaýşyndaky  ähmiýeti  hem-de seýrek duş gelýän guşlary goramakda Döwlet goraghanalarynda alnyp barylýan işler barada gürrüň berdiler.

Serginiň çäginde muzeýiň Çeper-dikeldiş we rejeleýiş bölüminiň hünärmeni çagalara ýaşylbaş ördegiň suratyny çekmek boýunça ussatlyk sapagyny geçdi.

Şular ýaly sergileri okuwçylaryň arasynda geçirmegiň ähmiýeti örän uludyr. Sebäbi okuwçylar we talyplar görkezilýän gymmatlyklaryň üsti bilen gözel tebigatymyzy, onuň haýwanat we ösümlik dünýäsini has içgin öwrenýärler.