Harmanyňa bereket, eziz Diýarym

2019-njy ýylyň 9-njy noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Hasyl toýuna bagyşlanyp «Harmanyňa bereket, eziz Diýarym» atly sergi gurnaldy. Her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde giňden bellenýän bu baýramçylyk Garaşsyz, hemişelik bitarap Türkmenistanda ak bugdaýyň, pagtanyň, beýleki oba hojalyk ekinleriniň, şol sanda baldan süýji gawundyr garpyzlaryň bol hasylyny ýetişdirýän daýhanlaryň zähmetine uly üns berilýändigine şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu barada şeýle diýýär: «Hasyl toýy türkmen daýhanlarynyň halal zähmetine döwlet derejesinde goýulýan belent sarpadan nyşandyr».

Serginiň ekspozisiýasy üç sany tematiki bölümden ybaratdyr. Birinji bölüm biziň ýurdumyzda ekerançylygyň ösüşiniň taryhyna bagyşlanypdyr. Aşgabadyň etegindäki Jeýtun obasynyň golaýynda Merkezi Aziýada oturymly ekerançylygyň ilkinji alamatlarynyň ýüze çykarylmagy möhüm taryhy wakadyr. 1904-nji ýylda bolsa amerikan alymy R.Pampelli tarapyndan Änew depelerinde ak bugdaýyň biziň eýýamymyzdan ozalky dördünji müňýyllyga degişli däneleri tapyldy.

Serginiň ikinji bölümi ХХ asyryň 50-nji ýyllarynda Türkmenistanda oba hojalygynyň ösüşine bagyşlanypdyr. Fotosuratlarda pagta meýdanynda zähmet çekýän türkmen gelin-gyzlary, hasylyň ýygylýan gyzgalaňly günleri, daýhanlaryň uly zähmeti beýan edilýär. Serginiň dowamynda Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmeniň bereketli topragynda önýän gallanyň, pagtanyň we beýleki oba hojalyk önümleriniň bol hasylynyň ýetişdirilişini wasp edýän nakgaşçylyk eserleri, resmi fotosuratlar, haly we haly önümleri, bäş welaýatyň milli nagyşlary bilen bezelen içi pagtaly horjunlar, türkmen halkynyň bereket bolçulygyny alamatlandyrýan bugdaý desseleri görkezilýär.

Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory, taryh ylymlarynyň kаndidaty Öwezmuhammet Mämmetnurow gutlag sözi bilen açdy. Serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň hünärmeni Akjemal Suhanowa, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi institutynyň esasy hünärmeni, biologiýa ylymlarynyň kandidaty Ejebaý Kokanowa, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy Myratberdi Çopanow, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň 1-nji derejeli kitaphanaçysy, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Oguljemal Orazdurdyýewa, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Azat Annaýew, «Garagum» žurnalynyň bölüm redaktory Nurtäç Annamuhammedowa, «Bereketli toprak» gazetiniň baş redaktorynyň orunbasary Aýnabat Ataýewa, «Täze oba» žurnalynyň jogapkär kätibi Kakyş Nazarow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň aspiranty Güljahan Ballyýewa, «Ahal durmuşy» gazetiniň bölüm redaktory Dürnabat Aşyrowa gatnaşdylar.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Medeniýet institutynyň, Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplary dabaranyň hormatly myhmanlary boldular.

Dabarada örän gyzykly hem täsirli çykyşlar edilip, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Dabara gatnaşyjylar Hasyl toýyna bagyşlanyp Döwlet muzeýinde gurnalan «Harmanyňa bereket, eziz Diýarym» atly sergä aýlanyp gördüler, muzeýiň işgärleriniň gyzykly hem täsirli gürrüňlerini diňlediler.