Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi Hasyl toýy mynasybetli gurnalan «Harmanyňa bereket eziz diýarym» atly serginiň açylyşyna gatnaşmak we sergini synlamak isleýänleriň hemmesini 2019-njy ýylyň 9-njy noýabrynda sagat 16:00-da

 

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi Hasyl toýy mynasybetli gurnalan «Harmanyňa bereket eziz diýarym» atly serginiň açylyşyna gatnaşmak we sergini synlamak isleýänleriň hemmesini 2019-njy ýylyň 9-njy noýabrynda sagat 16:00-da myhmançylyga çagyrýar.

 

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Hasyl toýy türkmen daýhanlarynyň halal zähmetine döwlet derejesinde goýulýan belent sarpadan nyşandyr.

 

Harmanyňa bereket eziz diýarym

 

«Harman toýuny» ýa-da «hasyl toýuny» etmek türkmenlerde ir döwürlerden bäri däp bolup gelýär. Hasyl toýuny tomusda galla ýygnalandan soňra, güýzde bolsa beýleki ekinleriň hasylyny ýygnalandan soň belläpdirler. Bu baýram geçmişde şeýle şekilde bellenilipdir: topragy bilelikde bejerýän ekerançylyk jemagatynyň agzalary umumy hasylyň belli bir mukdaryny alyp satypdyrlar we oňa azyk önümlerini satyn alypdyrlar. Täze hasylyň unundan çörek bişiripdirler. Baýramçylygy obada ýa-da arassalanan bugdaý dänesiniň harmanynyň başynda belläpdirler. Harman toýuny köplenç güýz paslynda belläpdirler. Daýhanlar bu toýa uly taýýarlyk görip tutuş obany çagyrypdyrlar. Toýda näzli-nygmatdan bol saçaklar ýazylyp bugdaýyň täze hasylyndan bişirilen ýarmany ullakan agaç tabaklarda adamlara hödür-kerem edilipdir.

Ekerançylyk türkmenleriň gadymdan gelýän esasy hojalyk pudagy bolup her bir  adamyň durmuşynda uly orny eýeläpdir. Asyrlar boýy dowam eden halk seleksiýasy netijesinde üýtgeşik hilli medeni ekinleriň durnukly hilleriniň onlarçasyny ýetişdiripdirler. Tejeniň suwsuzlyga çydamly bugdaýy, Sakaryň gulaby gawuny, ýerli gowaçanyň, jöweniň, miweli agaçlaryň hilleri türkmenleriň öz seleksiýasy netijesinde ýetişdirilen ekinlerdir. Gawun türkmen halkynyň baýlygy we buýsanjy. Türkmen topragy gawunyň, üzümiň mekanydyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz oba hojalygynyň dürli pudaklaryny ösdürmekde olardan öndürilýän önümleriň hiline uly üns berýär, hem-de her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde Hasyl toýy baýramçylygy döwlet derejesinde giňden bellenilip geçirilýär.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde hem hasyl toýuna bagyşlanyp «Harmanyňa bereket eziz diýarym» atly sergi gurnaldy. Bu sergi üç sany bölümçeden ybarat bolup durýar. Onuň birinji bölümçesinde gadymy ekerançylyk medeniýetine degişli arheologik tapyndylar we orta asyrlarda ulanylan zähmet gurallary hem-de gündelik durmuş esbaplary görkezilýär. Serginiň ikinji bölümçesi ХХ asyryň 30-50-nji ýyllarynda Türkmenistanda oba hojalygynyň ösüşine bagyşlanýar. Fotosuratlarda pagta meýdanynda zähmetiň gyzgalaňly döwründe işläp ýören türkmen gelin-gyzlaryň, daýhanlaryň  zähmet çekip ýören pursatlary görkezilýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmeniň bereketli topragynda önýän gallanyň, pagtanyň we beýleki oba hojalyk önümleriniň bol hasylyny wasp edýän nakgaşçylyk eserleri, resmi fotosuratlar, haly we haly önümleri, bäş welaýatyň milli nagyşlary bilen bezelen içi pagtaly horjunlar, türkmen halkynyň bereket bolçulygyny alamatlandyrýan bugdaý desseleri bilen sergi dowam edýär. Giňden görkezilen güýz hasylyň bakça we gök önümleri serginiň esasy özenini düzýär.