Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde hereket edýän “Ýaş suratkeş” atly muzeý gurnagynyň DÜZGÜNNAMASY

 

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde hereket

edýän “Ýaş suratkeş” atly muzeý gurnagynyň

 

DÜZGÜNNAMASY

 

Umumy düzgünler.

 

Şu düzgünnama ýurdumyzda muzeý işi ulgamyny guramak we alyp barmak, şeýle-de esasy muzeý işinden daşary ýerine ýetirilýän muzeý hyzmatlarynyň we köpçülikleýin çäreleriň hereket edýän düzgünlerinden ugur alnyp taýýarlandy.

“Ýaş suratkeş” atly muzeý gurnagy Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde döredilip, muzeýiň esasy we düzüm bölümleriniň garamagynda talyp ýaşlaryň, mekdep okuwçylarynyň, beýleki höwesjeň ýaşlaryň gatnaşmagynda hereket edýär.

“Ýaş suratkeş” atly muzeý gurnagynyň maksady we wezipeleri.

Muzeý gurnagynyň maksady aşakdakylardan ybarat:

  •  talyp ýaşlary we mekdep okuwçylaryny Türkmenistanyň milli mirasy we şekillendiriş sungaty bilen tanyşdyrmagy işjeňleşdirmek we bu işi talyp ýaşlaryň hem-de mekdep okuwçylarynyň özleriniň gatnaşmagynda amaly taýdan ýerine ýetirmek;
  •  talyp ýaşlara we mekdep okuwçylarynda Watana, gözel tebigatymyza, şekillendiriş sungatymyza söýgi, buýsanç duýgularyny döretmek;
  •  talyp ýaşlara we mekdep okuwçylaryna sungat barada düşünje bermek işini kämilleşdirmek hem-de bu işiň nazaryýet esaslaryny iş ýüzünde üpjün etmek;
  •  talyp ýaşlary we mekdep okuwçylaryny ýurdumyzyň belli sungat ussatlary, suratkeşleri bilen tanyşdyrmak, olar bilen döredijilik duşuşyklaryny gurnamak;
  •  talyp ýaşlara we mekdep okuwçylaryna surat çekmegiň, heýkel ýasamagyň, amaly we tejribe taýdan ýerine ýetirilmegi bellenilen beýleki işleriň usullaryny we başlangyç endiklerini öwretmek;
  •  ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän Şekillendiriş sungaty muzeýine, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyna, Türkmen Döwlet ýörite çeperçilik mekdebine, sungat eserleri ýerleşdirilen seýilgählere gezelenç gurnamak;
  •  gurnaga gatnaşýan köpçüligi höweslendirmek;
  •  muzeýlerde hereket edýän beýleki gurnaklar bilen hyzmatdaşlyk işjeňligini alyp barmak we döredijilik hem-de iş tejribe babatda gatnaşykda bolmak.

Muzeý gurnagyny döretmegiň we ýöretmegiň tertibi.

“Ýaş suratkeş” atly muzeý gurnagyna umumy bilim berýän orta mekdepleriň okuwçylary, talyplar we beýleki höwesjeň ýaşlar gatnaşýar. Gurnak ýörite meýilnamasyna laýyklykda, talyp ýaşlaryň we mekdep okuwçylarynyň esasy okuwyna hem-de alyp barýan işlerine päsgel bermezlik şerti bilen, gurnagyň işi olaryň gatnaşmagynda hepdede 1 gezek geçirilýär.

 “Ýaş suratkeş” atly gurnagyň muzeý işiniň we ýaşlaryň durmuşynyň dürli ugurlaryndan döredilip, onuň işine muzeýiň degişli bölüm müdirleri esasy işiniň daşyndan ýolbaşçylyk edýärler. Muzeý gurnagynyň işine muzeýiň beýleki ylmy işgärleri hem çekilýär.

“Ýaş suratkeş” atly gurnagy Döwlet muzeýiniň merkezi binasynyň 3-nji gatynda ýerleşýär. Gurnaklara gatnaşýanlardan töleg alynmaýar.

Gurnaklayň işine muzeýiň daşyndan degişli hünärmenleri, suratkeşleri gatnaşdyrmak mümkinçiligi döredilýär. Bu işe Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi gatnaşdyrylýar.

Gurnaklaryň alyp barýan işleri boýunça her okuw ýylynyň ahyrynda hasabat berilýär, bäsleşikler geçirilýär, tapawutlanan talyp ýaşlar we mekdep okuwçylary höweslendirilýär. Gurnaklaryň işine gatnaşyp, döredijiligi, ukyp-başarnygy bilen has tapawutlanan talyp ýaşlaryň we mekdep okuwçylarynyň ýaşaýan ýerlerinde hereket edýän muzeýlere tölegsiz esasda girmäge hukugy bar.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi isleg bildirýän mekdep okuwçylaryny, hem-de talyp ýaşlary muzeýimizde hereket edýän “Ýaş suratkeş” atly gurnagymyza gatnaşmaga çagyrýarys!

Muzeýiň salgysy: Aşgabat şäheri, arçabil şaýoly, 50-nji jaýy. Telefonlar: kabulhana 48-25-92, E-mail: museum.gov.tm