Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde hereket edýän “Ýaş tebigatçy” atly muzeý gurnagynyň DÜZGÜNNAMASY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde hereket edýän “Ýaş tebigatçy” atly muzeý gurnagynyň

 

DÜZGÜNNAMASY

 

Umumy düzgünler.

      Şu Düzgünnama ýurdumyzda muzeý işi ulgamyny guramak we alyp barmak, şeýle-de esasy muzeý işinden daşary ýerine ýetirilýän muzeý hyzmatlarynyň we köpçülikleýin çäreleriň hereket edýän düzgünlerinden ugur alnyp taýýarlandy.

      “Ýaş tebigatçy” gurnagy Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde döredilip, muzeýiň esasy we düzüm bölümleriniň garamagynda talyp ýaşlaryň, mekdep okuwçylarynyň, beýleki höwesjeň ýaşlaryň gatnaşmagynda hereket edýär. 

“Ýaş tebigatçy” gurnagyň maksady we wezipeleri:

  • talyp ýaşlary we mekdep okuwçylaryny Türkmenistanyň tebigaty, ösümlik we haýwanat dünýäsi, tebigy ýadygärlikleri, ýurdumyzyň ýerasty baýlyklary we we bu işi talyp ýaşlaryň hem-de mekdep okuwçylarynyň özleriniň gatnaşmagynda amaly taýdan ýerine ýetirmek;
  • talyp ýaşlarda we mekdep okuwçylarynda gözel tebigatymyza söýgi, buýsanç duýgularyny döretmek;
  • talyp ýaşlarda we mekdep okuwçylarynda ekologiýa medeniýetini döretmek;
  • talyp ýaşlary we mekdep okuwçylaryny dünýä belli hem-de ýurdumyzyň tanymal alymlary bilen tanyşdyrmak, olar bilen döredijilik duşuşyklary gurnamak;
  • ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän, tebigy ýadygärliklere, Döwlet goraghanalara, Botanika bagyna, Milli janly muzeýe gezelençleri gurnamak;
  • talyp ýaşlara we mekdep okuwçylaryna gerbariý toplamagyň kadalaryny we amaly usullaryny öwretmek;
  • gurnaga gatnaşýan çagalary höweslendirmek;
  • muzeýde geçirilýän dürli Döwlet we başga çärelere gurnaga gatnaşýan çagalary çekmek we gatnaşdyrmak;
  • muzeýlerde hereket edýän beýleki gurnaklar bilen hyzmatdaşlyk işjeňligini alyp barmak we döredijilik hem-de iş tejribe babatda gatnaşykda bolmak.

“Ýaş tebigatçy” gurnagyň döretmegiň we ýöretmegiň tertibi

“Ýaş tebigatçy” gurnagy muzeýiň Ylmy-usulyýet geňeşiniň degişli çözgüdi esasynda döredilip, oňa umumy bilim berýän orta mekdepleriň okuwçylary, talyp we beýleki höwesjeň ýaşlar gatnaşyp biler. “Ýaş tebigatçy” gurnagy direktoryň tassyklan ýörite meýilnamasyna laýyklykda, talyp ýaşlaryň we mekdep okuwçylarynyň esasy okuwyna hem-de alyp barýan işlerine päsgel bermezlik şerti bilen, gurnagyň işi olaryň gatnaşmagynda hepdede 1 gezek geçirilýär.

“Ýaş tebigatçy” gurnagy döredilip, onuň işine muzeýiň Tebigat we ülkäni öwreniş bölümiň müdiri esasy işiniň daşyndan ýolbaşçylyk edýär. Mundan başga-da gurnagyň işine muzeýiň beýleki ylmy işgärleri hem çekilýär. “Ýaş tebigatçy” gurnagy Döwlet muzeýiniň merkezi binasynyň 3-nji gatynda ýerleşýär. Gurnaga gatnaşýanlardan töleg alynmaýar.

Gurnagyň işine gatnaşyp, döredijiligi, ukyp-başarnygy bilen has tapawutlanan talyp ýaşlaryň we mekdep okuwçylarynyň ýaşaýan ýerlerinde hereket edýän muzeýlere tölegsiz esasynda girmäge hukugy bar.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi isleg bildirýän mekdep okuwçylaryny, hem-de talyp ýaşlary muzeýimizde hereket edýän “Ýaş tebigatçy” atly gurnagymyza gatnaşmaga çagyrýarys!

Muzeýiň salgysy: Muzeýiň salgysy: Aşgabat şäheri, arçabil şaýoly, 50-nji jaýy. Telefonlar: kabulhana 48-25-92, E-mail: museum.gov.tm