Primary tabs
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde hereket edýän “Ýaş taryhçy” atly muzeý gurnagynyň
DÜZGÜNNAMASY
Umumy düzgünler.
Şu Düzgünnama ýurdumyzda muzeý işi ulgamyny guramak we alyp barmak, şeýle-de esasy muzeý işinden daşary ýerine ýetirilýän muzeý hyzmatlarynyň we köpçülikleýin çäreleriň hereket edýän düzgünlerinden ugur alnyp taýýarlandy.
“Ýaş taryhçy” atly gurnagy Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde döredilip, muzeýiň esasy we düzüm bölümleriniň garamagynda talyp ýaşlaryň, mekdep okuwçylarynyň, beýleki höwesjeň ýaşlaryň gatnaşmagynda hereket edýär.
“Ýaş taryhçy” atly muzeý gurnagynyň maksady we wezipeleri.
Muzeý gurnaklarynyň maksady aşakdakylardan ybarat:
- talyp ýaşlary we mekdep okuwçylaryny Türkmenistanyň taryhy, milli mirasy, taryhy ýadygärlikleri bilen tanyşdyrmagy işjeňleşdirmek we bu işi talyp ýaşlaryň hem-de mekdep okuwçylarynyň özleriniň gatnaşmagynda amaly taýdan ýerine ýetirmek;
- talyp ýaşlarda we mekdep okuwçylarynda Watana, şöhratly taryhymyza buýsanç duýgularyny döretmek;
- talyp ýaşlary we mekdep okuwçylaryny ýurdumyzyň belli taryhçylary, alymlary bilen tanyşdyrmak, olar bilen döredijilik duşuşyklaryny gurnamak;
- talyp ýaşlara we mekdep okuwçylaryna ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän taryhy ýadygärliklere gezelençleri gurnamak;
- gurnaga gatnaşýan köpçüligi höweslendirmek;
- muzeýlerde hereket edýän beýleki gurnaklar bilen hyzmatdaşlyk işlerini alyp barmak we döredijilik hem-de iş tejribe babatda gatnaşykda bolmak.
Muzeý gurnaklaryny döretmegiň we ýöretmegiň tertibi.
Muzeý gurnaklary muzeýiň Ylmy-usulyýet geňeşiniň degişli çözgüdi esasynda döredilip, oňa umumy bilim berýän orta mekdepleriň okuwçylary, talyplar we beýleki höwesjeň ýaşlar gatnaşyp biler. Gurnaklar muzeýiň direktorynyň tassyklan ýörite meýilnamasyna laýyklykda, talyp ýaşlaryň we mekdep okuwçylarynyň esasy okuwyna hem-de alyp barýan işlerine päsgel bermezlik şerti bilen, gurnagyň işi olaryň gatnaşmagynda hepdede 1 gezek geçirilýär.
“Ýaş taryhçy” atly muzeý gurnagy muzeý işiniň we ýaşlaryň durmuşynyň dürli ugurlaryndan döredilip, onuň işine muzeýiň Türkmenistanyň taryh ylmy-barlag bölüminiň müdiri esasy işiniň daşyndan ýolbaşçylyk edýär. Mundan başga-da gurnagyň işine muzeýiň beýleki ylmy işgärleri hem çekilýär. Muzeý gurnaklary ýörite otaglar ýa-da burçlar bilen üpjün edilýär. Gurnaklara ýazylmak muzeýleriň internet saýtlary arkaly amala aşyrylýar. Gurnaklara gatnaşýanlardan töleg alynmaýar.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi isleg bildirýän mekdep okuwçylaryny, hem-de talyp ýaşlary muzeýimizde hereket edýän “Ýaş taryhçy” atly gurnagymyza gatnaşmaga çagyrýarys!
Muzeýiň salgysy: Muzeýiň salgysy: Aşgabat şäheri, arçabil şaýoly, 50-nji jaýy. Telefonlar: kabulhana 48-25-92, E-mail: museum.gov.tm