Primary tabs
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary bolup, ony wagyz edýär hem-de watandaşlarymyza we ilkinji nobatda ýaşlara şahsy ýörelge görkezýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeli sporty höweslendirmek we ösdürmek bilen bagly meselelere elmydama aýratyn üns berýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe sportuň beýleki görnüşleri bilen birlikde welosiped sporty hem täzeden dikeldilýär. Muňa ýurdumyzyň dürli künjeklerinde uly rowaçlyga beslenip geçirilýän welosipedli köpçülikleýin ýörişler aýdyň mysaldyr.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdymyzda sportuň dürli görnüşlerini ösdürmäge aýratyn uly üns berilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sagdyn nesilleri ýetişdirmek baradaky aladasynyň netijesidir. Türkmenistanda sportyň köpçülikleýinligini artdyrmak, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek babatda tutumly işler amala aşyrylýar. Şonuň netijesinde-de tutuş ýurdymyz boýunça umumy bilim berýän mekdeplerde, mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynda döwrebap türgenleşik enjamlary bolan sport zallary, basketbol, woleýbol meýdançalary, ýüzülýän howuzlar, tennis kortlary gurulýar.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine hormatly Prezidentimiz tarapyndan welosiped sowgat berilmegi hem şu ýokarda aýdylanlaryň aýdyň subutnamasydyr. Şu mynasybetli 2019 -njy ýylyň 30-njy oktýabrynda Döwlet muzeýinde dabaraly çäre geçirildi. Bu dabara ýurdumyzyň sport ussatlary, medeniýet we sungat işgärleri, çagalar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri agzybirlikde gatnaşdylar.
Her ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzda baýramçylyk çäreleri geçirilýär. Welosiped sürmek ynsan saglygyny berkitmekde, onuň kesellere durnukly bolmagyny gazanmakda uly ähmiýete eýedir. Artykmaç agramy aýyrmakda welosipedli gezelenç etmegiň haýyrlydygyny, şeýle hem sportuň bu görnüşi bilen yzygiderli meşgullanýan adamlaryň sagdyn durmuş ýörelgesine ýykgyn edýändiklerini bellemek gerek. Welosiped sürmek sporty tutyş dünýäde barha uly meşhurlyga eýe bolýar.
Dabarany Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory, Türkmenistanyň halk suratkeşi Öwezmuhammet Mämmetnurow açdy. Dabarada Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynyň artisti Aýsoltan Kowusowa, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby, «Diýar» žurnalynyň habarçysy Aýmyrat Pirjikow, «Türkmenistan» gazetiniň bölüm redaktory Aýjemal Omarowa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň ýokary derejeli artisti, Türkmenistanyň halk artisti Suwhanberdi Orazberdiýew, Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasynyň 1-nji derejeli kitaphanaçysy, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Oguljemal Orazdurdyýewa çykyp geplediler.
Soňra dabara gatnaşanlar Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýine aýlanyp gördiler.