Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň çäklerinde gurnalan sergi

 
2019-njy ýylyň 17-18-nji oktýabrynda Belarus Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi. Ýakynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Aşgabat mejlisiniň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň arasynda bolan duşuşykda-da nygtalyşy ýaly, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk öz gözbaşyny taryhyň gatlaryndan alyp gaýdýar. Medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlygy has-da ilerletmek meselesine hem seredildi.
 
Häzirki döwürde Belarus Respublikasynda Türkmenistanly ýaşlaryň uly topary dürli ugurlar boýunça ýokary bilim alýar. Medeniýet günleriniň çäklerinde gurnalan duşuşykda belarus tarapy çeperçilik, kino we medeniýetiň beýleki ugurlary boýunça türkmen ýaşlaryna bilim bermäge isleglerini beýan etdiler we onuň iki ýurduň medeni gatnaşyklarynyň geljekgi ösüşlerine has oňaýly täsir etjekdigine ynanýandyklaryny nygtadylar.
 
Medeniýet günleriniň çäklerinde Belarus Respublikasynyň milli sungat muzeýine ýörite gezelenç guraldy. Muzeý birnäçe binany özünde jemläp, bu ýerde ýörite muzeý kwartaly emele getirilipdir.
 
Muzeý gymmatlyklary bilen tanyşlyk wekiliýetinde uly täsir galdyrdy. Şol gün Belarusyň döwlet filarmoniýasynda Türkmenistanyň bu döwletdäki Medeniýet günleriniň esasy çäreleri başlandy. Ol ýerde hormatly Prezidentimiziň kitaplarynyň, Türkmenistanyň amaly haşam sungaty eserleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň, şeýle-de «Türkmenistanyň gözellikleri we täsinlikleri» atly syýahatçylykdyr foto sergisiniň açylyş dabarasy boldy.
 
Sergi aýratyn köp adamly boldy. Bu ýere ýygnananlar halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip gelen türkmen halylaryna, milli şaý-seplerimize aýratyn gyzyklanma bildirdiler. Gelin-gyzlarymyzyň milli egin-eşikleri bu ýere ýygnanan zenanlarda uly täsir galdyrdy. Dürli halklara wekilçilik edýän zenanlar diňe türkmen halkyna mahsus bolan nagyşlar, olaryň näme many aňladýandyklary we şeýle el işleriniň taryhy barada dürli sowallar bilen ýüzlendiler. Sergini görmäge gelen adamlaryň döwletimiz, gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan halkymyz, milli gymmatlyklarymyz barada mähirli sözler aýtdylar.
 
Sergiden soňra Türkmenistanyň sungat ussatlary ýörite konsert bilen çykyş etdiler. Konserti Belarus Respublikasynyň medeniýet ministri Ýuriý Bondar we ýurdumyzyň medeniýet ministriniň orunbasary açdylar. Belarus ministri öz çykyşynda türkmen-belarus medeni gatnaşyklaryna degip geçip, ýurtlarymyzda geçirilýän şeýle çäreleriň özara hyzmatdaşlygy ösdürmäge mynasyp goşant goşýandygyny nygtady. Bu gatnaşyklaryň geljekde has-da ösdürilmegi üçin iki döwletiň hormatly Prezidentleriniň aýratyn tagalla edýändigini nygtan ministr, türkmen sungatyny belarus halkyna tanyşdyrmakda Medeniýet günleriniň aýratyn ähmiýete eýedigini nygtady.