Ussadyň döreden saz gurallary

 

         2019-njy ýylyň 16-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Ussadyň döreden saz gurallary» atly sergi gurnaldy. Ol ilkinji türkmen suratkeşi, Türkmenistanyň Halk suratkeşi, Türkmenistanyň at gazanan mugallymy, ilkinji bolup türkmen halysynyň ýüzüne portret taslamasyny geçiren, kinoartist, şahyr Bäşim Nuralynyň döreden saz gurallaryna bagyşlandy.

         Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Ile döwlet geler bolsa...» atly ajaýyp kitabynda «Asyrlaryň dowamynda saz gurallaryny ýasamagyň sünnälenip gelinmegi netijesinde, türkmen dutary kämilligiň örän uzak ýoluny geçdi» diýip belleýär. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe kökleri gadymyýetden uzap gaýdýan türkmen halkynyň döreden saz gurallaryny gorap saklamak we ylmy taýdan öwrenmek işi uly ähmiýete eýe boldy.

         Ussat suratkeş ýaşlykdan aýdymdyr sazy söýüp we oňa düşünip, dutarda hem gyjakda saz çalmagy öwrenýär. Şeýlelikde, aýdym-saz Bäşim Nuralynyň ömürlik ýoldaşy bolýar. Ol ençeme goşgudyr poemalary, dessanlary döredýär. Bäşim Nuraly türkmen saz gurallaryny kämilleşdirmegiň gözleginde bolup, dutaryň, gyjagyň täze nusgalaryny oýlap tapýar. Şol saz gurallarynyň esasynda-da türkmen milli sazlaryny nota boýunça ýerine ýetirýän ilkinji tejribe-synag orkestri döredilýär.

         Dört kirişli, agaç gapakly gyjak Bäşim Nuralynyň üýtgedip ýasan ilkinji saz gurallarynyň biridir. 1933-nji ýylda geçirilen maslahatda onuň ýasan bu gyjagyna Ýewropanyň orkestrleriniň ulanýan saz gurallarynyň deňine ýetirilen senet hökmünde uly baha berlip, baýraga mynasyp bolýar. Ussat 1957-1960-njy ýyllarda «Baş kanal» atly halk saz gurallary orkestri üçin dürli sesli, ýörite çalnyş usuly bolan jemi bäş sany dutary döredipdir. Bu dutarlar häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň gaznahanasynda goralyp saklanylýar. Bäşim Nuraly suratkeşligiň daşyndan ömrüniň dowamynda türkmen milli saz gurallary bolan dutaryň, gyjagyň kyrka golaý görnüşini döredipdir.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Ussadyň döreden saz gurallary» atly sergi gurnaldy.

Sergi hormatly Prezidentimiziň parasatly sözleri bilen başlanýar. Bu ýerde Bäşim Nuralynyň «Sekunda dutary», «Alt dutary», surnaý görnüşli gyjagy, «Çaga dutary» we başga-da birnäçe döreden saz gurallary görkezilýär. Sergide hormatly Prezidentimiziň «Ile döwlet geler bolsa...», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Janly rowaýat», «Türkmen medeniýeti», «Arşyň nepisligi» atly kitaplary görnükli orun eýeleýär, başga-da «Bäşim Nuraly», «Sungatym-buýsanjym» atly kitaplar goýlupdyr. Serginiň dowamynda halypa suratkeşiň döreden ajaýyp nakgaş eserleri hem görkezilýär. Şeýle-de bu ýerde goýlan türkmen milli öýüniň töri, ony bezeýän haly we haly önümleri, milli egin-eşikleri serginiň ähmiýetini artdyrýar.