Janly tebigatyň köpdürlüligi

 

Türkmen halky özüniň uzak asyrlyk taryhynda egsilmez genji-hazyna öwrülen maddy we ruhy gymmatlyklary, terbiýe mekdebini döredipdir. Diýarymyzyň Merw, Nusaý, Köneürgenç, Abiwert, Sarahs, Dehistan ýaly gadymy şäherlerinde, obadyr kentlerinde dana pederlerimiziň hyjuwdyr söýgüsi ylym-bilimiň gülläp ösmegine uly itergi beripdir.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda okuwçylary okatmakda dünýäniň iň kämil enjamlarynyň kömegi bilen täze usulyýetler ulanylýar. Şolaryň arasynda multimedia tagtasy, okatmagyň interaktiw usullaryny bellemek bolar. 1-nji synplara kabul edilen çagalara okuw kitaplary we esbaplary bilen birlikde, kompýuterler sowgat berilýär. 2019-njy ýylyň iýun aýynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda geçirilen maslahatda eden çykyşynda Türkmenistanda 12 ýyllyk umumy orta bilimiň girizilmeginiň ösüp gelýän ýaş nesliň düýpli bilim almagyna, köptaraply zehininiň açylmagyna, olary tehniki döredijilik işi bilen meşgullanmaga çekmäge, hünärleri dogry saýlamaga ýardam berýändigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiziň yglan eden «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» ýyly taryhy wakalara beslenip, dürli döwlet derejeli bäsleşikler yzygiderli dowam edýär. Şonuň ýaly bäsleşikleriň biri hem Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde geçirilen «Janly tebigatyň köpdürlüligi» atly bäsleşikdir. Bu bäsleşige paýtagtymyz Aşgabat şäherinde ýerleşýän 76-njy we 82-nji orta mekdepleriň okuwçylary işjeň gatnaşdylar. Döwlet muzeýiniň ylmy işgärleriniň gatnaşmagynda mekdep okuwçylaryna Etnografiýa we ülkäni öwreniş muzeýiniň hemişelik sergi zallarynda ýerleşýän muzeý gymmatlyklary barada gyzykly gürrüňleri berdiler. Bäsleşik iki tapgyrdan ybarat bolup, onuň birinji tapgyrynda tebigat bilen baglanşykly birnäçe test görnüşinde soraglar berildi. Bäsleşigiň ikinji tapgyrynda bolsa ýeňiş gazanan okuwçylara birnäçe ýadygärlik sowgatlar, hormat hatlar gowşuryldy. Bäsleşige gatnaşan hem-de ýeňiji bolan mekdep okuwçylary okamaga, bilim almaga döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize çäksiz sag bolsun aýtdylar.