Primary tabs
Submitted by museum on 14.10.2019
2019-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Ýol hereketleriniň düzgünleri we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek hem-de neşekeşlige garşy göreşmek barada ýygnak geçirildi. Ýygnakda çykyş etmek üçin Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň 4-nji bölüminiň aýratyn tabşyryklary boýunça uly gözegçisi polisiýanyň kapitany Döwran Amanmyradow hem-de Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň polisiýanyň 4-nji müdirliginiň wekili Batyr Berkeliýew geldiler.
Ýygnagy Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Öwezmuhammet Mämmetnurow açdy. Ol ýurdumyzda ýol hereketiniň düzgünlerini we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek işi barada, şeýle hem neşekeşligiň halk köpçüligine ýetirýän zyýany, onuň öňüni almagyň ýollary barada çykyş etdi. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň wekilleri Döwran Amanmyradow we Batyr Berkeliýew öz çykyşlarynda ýol hereketiniň düzgünlerini doly we dogry ýerine ýetirmek, ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek we neşekeşligiň garşysyna göreşmek iň wajyp mesele bolup durýanlygyny, şeýle hem bu göreşi ähli halkymyz bolup, agzybirlikde alyp barmalydygy barada aýdyp geçdiler.