Primary tabs
2019-njy ýylyň 7-10-njy oktýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan we Ýelabuga şäherlerinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi. Oňa ýurdumyzyň medeniýet, sungat we döredijilik işgärleriniň hem-de habar beriş serişdeleriniň wekillerinden ybarat topar gatnaşdy. Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde Kazan şäheriniň W.I.Lenin adyndaky medeni – dynç alyş toplumynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Onda Türkmenistanyň we Tatarystan Respublikasynyň medeniýet we sungat ussatlary konsert bilen çykyş etdiler. 7-nji oktýabrda Tatarystanyň Halklaryň dostlugy öýünde Türkmenistanyň amaly-haşam sungaty eserleriniň we muzeý gymmatlyklarynyň, şeýle hem “Türkmenistanyň gözellikleri we täsinlikleri” atly syýahatçylyk we foto sergisiniň açylyşy dabaraly ýagdaýda geçirildi.
Şeýle sergi W.I.Lenin adyndaky medeni-dynç alyş toplumynda hem gurnaldy. Sergini görmäge köp sanly ýaşaýjylar, Tatarystanyň medeniýet we sungat işgärleri, Kazan şäherinde okaýan türkmen talyplary geldiler. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň gaznasynda saklanylýan iň täsin we ajaýyp milli egin-eşikler we bezeg şaýlary gelenleriň ünsüni özüne çekdi. Çeper elli ene-mamalarymyzyň ussatlyk bilen tiken we elde keşde bilen bejeren geýimlerini görenler, esasan-da tatar zenanlary haýran galmak bilen synladylar, özlerini gyzyklandyrýan sowallary berdiler. Şu günlere gelip ýeten türkmen gelin-gyzlarynyň we zergärleriniň sungatyna uly sarpa goýýandyklaryny bildirdiler. Sergini görmäge gelen myhmanlar nepis türkmen haly önümleri, milli egin-eşikler, keteniler, nagyşlanan el işleri we şaý-sep sungatynyň geň galdyryjy nusgalary goýlan serginiň ýanynda ýadygärlik surata düşdüler.